Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda maşgala gymmatlygyna uly ähmiýet berilýär. Çeper edebiýatlarda, taryhy ýazgylarda merdana milletimiziň müňýyllyklaryň dowamynda maşgala ojagyny mukaddeslik saýyp, onuň binýadynyň berkden gurulmagyna uly üns berendiklerine duş gelmek bolýar. Özgerýän ýurdumyzyň berk binýatly beýik döwlet bolmagynda maşgala ojaklarynyň berkligine ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen maşgalalary bu gün bagtyýarlygyň goýnunda bolelinlikde ýaşaýarlar. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtdan paýly milletimiz üçin maşgalanyň jebisligini, agzybirligini üpjün edýän şertler döwrüň talaplaryna laýyklykda kanun esasda kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda maşgalanyň berkligini üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan netijeli işleri durmuşa ornaşdyrmakda, geçirilýän çäreleri wagyz etmekde hem Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary netijeli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat şäher hem-de welaýat Geňeşleri tarapyndan wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralýar. Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda “Maşgalam – baş galam” atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda maşgala jebisligine, berkligine, agzybirligine, onda zenan maşgalanyň ornunyň uludygyna ünsi çekip, buýsançly we täsirli gürrüňlerini diňleýjilere ýetirdiler. Ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, her kim öz ornunda, öz maşgalasynda asudalygyň, agzybirligiň höküm sürmekligi ugrunda mynasyp goşant goşsalar maşgalanyň bagtyýarlygynyň çäksiz boljaklygynyň ikiuçsyzdygyny nygtap, kümüş saçly enelerimiz, döwlet edaralarynda zähmet çekýän bagtyýar zenanlarymyz, enäniň we çaganyň sagdyn bolmaklary ugrunda mynasyp zähmet üstünliklerini gazanýan lukmanlarymyz özleriniň çykyşlarynda ýaşlaryň durmuşda, maşgalada mynasyp orun almaklary üçin degerli maslahatlary berdiler.
Bize şeýle ajaýyp döwürde ýaşap, döretmäge, döwür bilen aýakdaş gitmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary rowaçlyklara beslensin.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň
esasy hünärmeni Merjen Nurmuhammedowa