Belentden belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu gün ýurdumyzda geljegiň aýnasy bolan ýaş nesillerimiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň hatarynda.
Bu wezipeleriň hatarynda häzirki wagtda ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek hem-de kuwwatyny artdyrmak we ony durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek maksady bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy bolsa ýurdumyzda ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlar hakda aladanyň mizemezligini has-da pugtalandyrdy.
Olaryň diňe ýurdumyzyň çäginde däl eýsem, daşary ýurtlarda okap bilim alyp, alan nazary bilimlerini tejribäniň üsti bilen kämilleşdirmekleri üçin özleriniň ukyp başarnyklaryny ýüze çykaryp, olary kämilleşdirmekleri üçin hem uly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň “Biziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işi bilen aýrylmaz baglydyr” diýen sözlerinden ruhlanýan guramamyz şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň” durmuşa geçirilişi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özleriniň alyp barýan işleri dogrusynda şeýle-de geljekde meýilleşdirilýän işleri dogrusynda pikir alyşdylar. Mundan başga-da ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň ýerine ýetirilişi, ýaşlara döredilýän ajaýyp mümkinçilikler duşuşygyň barşynda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň
esasy hünärmeni Merjen Nurmuhammedowa