Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ösüşi

Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ösüşi XXI asyryň birinji onýyllygynyň ikinji ýarymyndan başlap has-da işjeňleşip başlady. Netijede, Türkmenistan onlarça döwletler bilen medeni hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara ylalaşyklary baglaşdy we olaryň durmuşa geçirilmegi soňky ýyllarda hyzmatdaşlyga gatnaşýan ýurtlaryň halklarynyň ruhy durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine aldy.
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasynyň ösüşi dürli ugurlary öz içine alýar. Onuň aýratyn netijeli görnüşleriniň biri Medeniýet günleriniň geçirilmegidir. Medeni hyzmatdaşlygyň bu görnüşi aýratyn özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar, sebäbi olara iri döredijilik kollektiwleri we ýerine ýetirijiler, milli medeniýetiň ähli ugurlarynyň wekilleri gatnaşýarlar we olarda edebiýatda, saz we şekillendiriş sungatynda, umuman, sungatyň ähli görnüşleriniň gazananlary has-da wekilçilikli derejede görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde Medeniýet günleri iri jemgyýetçilik-syýasy waka öwrülýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen medeni aragatnaşyklary her bir döwletiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edýän esasy kesgitleýji ugur bolup durýan bilim ugry boýunça hem hil taýdan ösüşe eýe boldy. Sebäbi bilim ýurduň beýik geljegi üçin giň möçberli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmekde berk binýat bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamy düýpli özgerdilýär we güýçli depginler bilen ösdürilýär.
Ylym medeniýetiň iň möhüm bölegi we adamzadyň döredijilik zehininiň iň ýokary ýüze çykmalaryndan biri bolup durýar. Ylmyň gazananlary umumadamzat ähmiýete eýedir. Şu jähtden, halkara ylmy aragatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegi möhümdir, sebäbi bu ugur boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk täze pikirleriň we ylmy ugurlaryň döremegini höweslendirýär, anyk netijeleri berýär. Halkara ylmy aragatnaşyklaryň halkara gatnaşyklarda şeýle hem ýer togalagynyň siwilizasiýasynyň geljegi, ösüşi üçin jogapkärçilik duýgusynyň ösmegine ýardam berýär.

Umumadamzat medeniýetiniň emele gelmeginde we ösmeginde, jemgyýetiň agzalarynyň dünýägaraýşyny, ahlak keşbini we ruhy talaplaryny kanagatlandyrmakda sungat möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şonda milli medeniýetleriň hyzmatdaşlygy we özara täsiri aýratyn köptaraply bolýar, sebäbi olar ruhy döredijiligiň köp taraplaryny öz içine alýar.
Medeni hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde sport döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm serişdesi bolup durýar. Şonuň üçin hem Türkmenistanda ýurdumyzyň raýatlaryny, ilkinji nobatda bolsa, ösüp gelýän ýaş nesilleri köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekmek, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ussatlyk bilen çykyş etjek sport ussatlaryny we türgenleri taýýarlamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Syýahatçylyk medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryndan biri bolup durýar we ol halklary biri-biriniň durmuşy we tejribesi bilen özara tanyşdyrmaga hyzmat edýär. Halkara syýahatçylygynyň ähmiýeti, şeýle hem onuň soňky ýyllarda ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagyna öwrülendigi bilen kesgitlenilýär. Şu maksatlara eýermek bilen, 1993-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen özara bähbitli we köpugurly hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary barha giňeldýär we çuňlaşdyrýar, halkara syýahatçylygynyň ösmegine özüniň goşandyny goşýar.
Şunlukda, medeni diplomatiýanyň halkara gatnaşyklarynda ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny, dünýäde Türkmenistanyň ornunyň we abraýynyň diňe bir onuň syýasy agramy ýa-da ykdysady kuwwaty bilen däl, eýsem, türkmen halkynyň medeni gazananlary, onuň ruhy we akyl baýlygy bilen kesgitlenýändigini hem aýratyn belläp geçeliň. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm guraly hökmünde onuň medeni diplomatiýasynyň esli ösüşe eýe bolandygy we bu ýagdaýyň ýurdumyzyň amatly, hakyky keşbiniň döremegine, onuň daşary syýasatynyň täsirliliginiň ýokarlanmagyna oňaýly ýardam edendigi bellidir. Daşary ýurtlarda türkmen medeniýetiniň gymmatlyklarynyň ýaýradylmagy, şeýle hem Türkmenistana dünýä giňişliginde onuň beýik taryhyna we medeniýetine, özboluşly mynasyp ornunyň ykrar edilmegini üpjün edýär.

Hatyja Döwletnazarowa

Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ

Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara

hukugy fakultetiniñ III ýyl talyby

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY