Bitarap ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sebitiň goňşy döwletleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri ägirt uly dürli ugurly mümkinçiliklere eýedir. Olaryň durmuşa geçirilmegi umumy abadançylygyň, rowaçlygyň hem-de öňegidişligiň bähbitlerine laýyk gelýär. Biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge yzygiderlikli, sazlaşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň esasy şerti hökmünde çykyş etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren yzygiderli ýagdaýda hereket edýän Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we ösüş meseleleri boýunça halkara forumy esaslandyrmak babatyndaky teklibiniň ähmiýetini aýdyň görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň netijeleri ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen bir hatarda sebit hususan-da goňşy döwletler bilen özara ynanyşmak häsiýete mahsus bolan netijeli hyzmatdaşlygynyň barha berkidilýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Şunda taryhy kökleri hem-de medeni aýratynlyklarynyň birligi bilen tapawutlanýan Özbegistan Respublikasy bilen alnyp barylýan gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň esasyny düzýän 221 sany resminamalar toplumynyň hereket etmegi, 2007 — 2021-nji ýyllarda iki ýurda ýokary derejede jemi 23 sany döwlet, resmi we iş saparlarynyň amala aşyrylmagy hem işjeň gatnaşyklaryň oňyn netijesiniň beýany bolup hyzmat edýär. ( Türkmenistan gazeti., 02.10.21ý.)
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen-özbek gatnaşyklary taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy ýakynlyga esaslanyp, biziň doganlyk halklarymyzy birleşdirýär. Şunda, ýylsaýyn täze, anyk mazmuna eýe bolýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek şol sanda, iki ýurduň sebitleriniň derejesinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin örän uly mümkinçilikler bardyr.Dostluk-doganlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklary halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Çünki, «Kyýamat güni goňşudan», «Uzakdaky dogandan ýakyndaky goňşy ýagşy» ýaly pähimleri döreden parasatly türkmen halky durmuşda goňşular bilen agzybirligiň uly rowaçlyga beslenýändigine ynanypdyrlar. Bilşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasy hem Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň duldegşir goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşy bolan bu ýurt bilen döwrüň synagyndan geçen dostluk we doganlyk gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şol bir wagtda, türkmen-özbek halklarynyň taryhy ösüşinde, medeniýetinde we däp-dessurlarynda umumylyklaryň köpdigini aýratyn bellemek gerek. Çünki, ýurdumyz bilen serhetleşýän goňşy halklary geçmiş taryha bolan umumy buýsanç we ertirki ösüşe bolan umumy ynam birleşdirýär. Bulary ýaşalan, gezilen, ýurt edinilen ýerler birleşdirýär. Umumylaşdyryp aýtsak, bular bir sähranyň howasyndan dem alýarlar. Bir derýanyň suwuny içýärler... Hat-da, bu halklaryň her biriniň iň täze taryhy bolan döwletlilik taryhy hem bir ýagdaýdan, bir döwürden gaýdýar. 2021-nji ýylyň 06-njy awgustynda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynda sebitimiziň durmuşynyň has möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamak we kabul etmek boýunça ara alnyp maslahatlaşylan soraglar hem sebitiň goňşy döwletleriniň garaýyşlaryň birligini ýa-da ýakyndygyny doly tassyklaýar.
Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň hem Aziýa yklymynyň merkezinde geografik taýdan amatly ýerleşmegi diňe bir sebit däl, eýsem, ählumumy möçberde möhüm ähmiýete eýedir. Bu amatly şertler döwletleriň söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň möhüm çatrygynda ýerleşmegi nukdaýnazaryndan, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça geljegi uly bolan üstaşyr ýollary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän özara hyzmatdaşlygy aýdyň tassyklaýar. Ol ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň ugry boýunça ilerleýär, munuň şeýledigine abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna we tekliplere özara goldawyň berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Özbegistan parahatçylyk söýüji ýurt bolmak bilen, berk daşary syýasy garaýyşlara eýerýär. Özbegistanyň döwletimiz tarapyndan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz we üstaşyr geçirmek, ählumumy ulag hem-de halkara gatnaşyklaryň beýleki meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek ulgamynda başy başlanan iri resminamalaryň birnäçesiniň awtordaşy bolup çykyş etmegi hem bu döwletiň ýurdumyz bilen alnyp barylýan özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgesine berk eýerilýän gatnaşyklaryna berilýän mynasyp baha bolup durýar.
Goňşy Özbegistana türkmen tebigy gazynyň iberilmegi, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysallaryna öwrüldi. Türkmen-özbek ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýet mahsus bolup, ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygyny bellemek gerek. Şunda häzirki wagta çenli jemi 16 sany mejlisi geçirilen bilelikdäki hökümetara toparynyň işine wajyp orun degişli bolup durýar. Döwletimiziň Özbegistan bilen eksport kuwwatynyň barha artmagy, ýurtlaryň baý serişde binýady ikitaraplaýyn söwdanyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagynyň, ykdysady hyzmatdaşlygyň we ylmy-tehniki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär. Netijede, soňky ýyllarda döwletleriň arasynda eksport-import amallarynda senagat düzümleriniň agdyklyk etmegi giň gerime eýe bolýar.
Milli Liderimiziň Daşkende şu gezekki saparynyň has önjeýli bolandygyny döwletara, hökümetara, pudagara derejesinde gol çekilen resminamalaryň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Hususan-da, gümrük-wiza ýeňillikleri, medeni-ynsanperwer ulgam, biologik dürlüligi gorap saklamak, oba hojalygy, serhetýaka söwdasy we maýa goýumlary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, üstaşyr we demir ýol, aragatnaşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary ýaly wajyp ugurlary göz öňünde tutmagy bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan döwrebap ösüşini şöhlelendirýär. Şunda, hususan-da, Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen-özbek söwda ykdysady hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Şu ýylyň 4-nji oktýabrynda Daşkentde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum döwletleriň giň gerimli hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Onuň çäklerinde döwlet we hususy düzümleriň duşuşyklarynyň geçirilmegi, duşuşyklaryň barşynda gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda berkidilen dürli ugurlar babatynda ylalaşyklaryň gazanylmagy döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen çäklenmän eýsem, hususy ulgam boýunça hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu babatynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda özara söwdanyň sanawyny giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dürli pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, isleg bildirilýän önümleri öndürmek hem-de üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmak, logistika düzümini kemala getirmek ýaly wezipeler wajyp orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, resmi saparyň barşynda Serhetýaka söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlary, metrologiýa ulgamyndaky Ylalaşyklara gol çekilmegi özara söwda hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn hukuk binýadyny berkitmek bilen birlikde, söwdanyň möçberini artdyrmaga, senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam eder. Munuň özi, birek-biregiň öndürýän harytlarynyň dünýä bazaryndaky hereketini goldamaga hem giň mümkinçilikler açýar.
Ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem yzygiderli ösdürilýär. Türkmen-özbek döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň yzygiderli gatnaşmagy, dürli çäreleriň, özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem, däp bolan bilim we ylym gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, beýik türkmen we özbek alymlarynyň, akyldarlarynyň, şahyrlarynyň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça bilelikde alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasyp. Türkmenistan we Özbegistan gadymy we täsin medeniýetleriň mirasdüşerleri bolmak bilen, umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-arheologik ýadygärliklere aýawly garamak babatda hyzmatdaşlyk edýärler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen hem-de häzirki we geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga eýe bolan Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň, Samarkandyň, Buharanyň, Hywanyň we beýleki merkezleriň arheologik ýadygärlikler we binagärlik toplumlary häzirki döwürde diňe bir köp sanly syýahatçylar üçin däl, eýsem, dünýäniň iri ylym-bilim merkezlerinden alymlar üçin özüne çekiji merkezler bolup durýar. Çünki, ençeme müňýyllyklar mundan ozal olarda häzirki siwilizasiýanyň esasy goýlandyr.
Ýurdumyzyň sebitde we Aral sebitinde, ekologiýa heläkçiligine, howanyň üýtgemeginiň täsirine düşýän zolaklarda durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak babatyndaky meseleleri toplumlaýyn çözmek üçin tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi bilen baglanyşykly ileri tutmalarynyň Özbegistanyň resmi garaýşy bilen ýakyndygyny aýratyn bellemek gerek. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz Özbegistan Respublikasynyň başyny başlan, Aralýaka sebiti “ekologik innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň zolagy” diýip yglan edýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edýär.
Umuman, Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň köpasyrlyk däpleriniň, netijeli hyzmatdaşlygy goldamagyň esasynda amala aşyrylýan gadymy doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarjakdygy şeýle hem, iki döwletiň halklarynyň bähbidine gönükdirilen senagat, innowasiýalar, sanly tehnologiýalar, söwda, telekeçilik we işewür gatnaşyklar, maýa goýum ýaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, döwrebap garaýyşlaryň netijeli çemeleşmesini nazarlaýan taryhy ähmiýete eýedigi gürrüňsizdir.
Bekçiýew Atamyrat, Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.
TMÝG-nyň agzasy.