SAGLYGYŇ ALTYN ÇEŞMESI

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Onda çykyş edenler Türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň her birinde derdiň dermany bar. Olaryň her biriniň dermanlyk häsiýetlerini, ýygnamagyň, taýýarlamagyň, ulanmagyň usullaryny jikme-jik öwrenmek we ylmy nukdaýnazar bilen berkidip,
il-günümize ýetirmek irginsiz zähmeti talap edýär. Ylmy maglumatlara baý bolan kitaplar diňe bir milli lukmançylyk ylmynda däl, eýsem dünýä lukmançylygynda hem öz mynasyp ornuna eýedir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp ylmy kitaby dünýä halklarynyň hem ençemesiniň diline terjime edildi. Bu kitap dünýä lukmançylyk ylymyny aýratynda derman senagaty pudagyny ösdürmekde uly orun eýeleýär. Sebäbi bu kitabyň her bir sahypasynda beýan edilýän ylmy maglumatlar Türkmenistanyň baý tebigy ösümlikleriniň adam saglygyny goramakda ony ulanmak üçin öňdebaryjy tejribelerden şeýle hem dünýäniň ösen lukmançylyk ylymynyň esaslaryndan ugur alynyp beýan edilendir. Bu kitaby okamak bilen geljekde her bir okyjy özüne täze açyşlary eder diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň her bir kitabynyň ilkinji sahypalarynda okyjylara bolan mylaýym ynsanperwer ýüzlenmesi bilen başlanýar. Esasanam bu ýüzlenme tüýs ýürekden bolmak bilen okyjylara özüne bent edýär. Kitap sada düşnükli dilde ýazylan. Aýratynam Türkmenistanyň tebigatyna ösümlik dünýäsine bagyşlanan suratlaryň her bir okyjynyň özüne maýyl edýändigini bellärliklidir. Kitapda maglumat berilýän her bir dermanlyk ösümligiň reňkli suratynyň bolmagy aýratyn uly ähmiýete eýedir we bu kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar. Reňkli suratlardan başgada her ösümlik barada umumy häsiýetnama, ösüş aýratynlyklary ýaýraw derejesi, himiki düzümi, ulanylşy, derman taýýarlanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Umumanam bu kitabyň XIII jiltinde-de 120 sany derman ösümlikleri barada giňişleýin beýan edilýär.

Kitapda ýörite maglumatnama bölümem bar. Onda derman ösümlikleriň täsiri boýunça toparlara bölünen sanawy olaryň türkmençe rusça latynça atlary berilýär. Her bir ösümligi haýsy wagtda we ony nirden ýygnamaly umuman her bir ösümligiň beýany içgin bellenilip geçilýär. Kitabyň esasy aýratynlygy ýagny kitabyň içinden eziz diýarymyza, ynsana we tebigata bolan söýgi erş-argaç bolup geçýär. Bu kitap diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ýan kitaby bilen çäklenmän eýsem tutuş halkymyzyň şol bir sanda ýaşlarymyzyň ýan kitabyna öwrülmegi uly guwandyryjy wakadyr diýlip çykyşlarda bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak boýunça diýarymyzda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ynsan üçin iň gymmatly zat onuň saglygydyr. Ynsan saglygyny goramak we onuň ömrüni uzaltmak ynsanýetiň arzuwlap gelen ýeketäk islegidir. Häzirki wagtda bu arzuw islegler biziň ata Watanymyzda üstünlikli hakykata öwrülýär. Bu bolsa eziz diýarymyzda ähli aladalaryň sagdyn jemgyýeti gurmaklyga, halkymyzyň bagtyýar asuda bolelin durmuşda ýaşamaklygyna gönükdirilýändiginiň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz şu kitabyň öňki tomlarynda-da we häzirki 13-nji tomunda-da ata-babalarymyzyň dermanlyk ösümlikleri saglygy bejermekde adamlaryň bedenini berkitmekde, ruhuny belende götermekde giňden peýdalanyp gelendikleri barada aýratyn bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň şu kitabynyň giriş bölüminiň setirlerinde hem «Türkmen lukmançylygynyň milli mirasynyň köklerini goýup giden beýik şahsyýetleriň ömrüni, hünär döredijiligini, ylmy mirasymyzy öwrenmek biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr» diýip belläp geçýär.

Täze neşir bu bir tarapdan Gahryman Arkadagymyzyň ylmy eserleriniň örän çuň manylygy bilen güwä geçýän bolsa ikinji tarapdan türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň bimöçber baýlygyndan habar berýär. Halk lukmançylygynda gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelýän dermanlyk ösümliklerdäki takyk maglumatlar beýan etmek bilen hormatly Prezidentimiziň il arasynda heniz bu güne çenli ulanyp gelýän türkmen topragynyň şypaly ösümlik dünýäsiniň gymmatly hazynasynyň hemmelere ünsüni çekýär.

Biziň milli lukmançylyk mirasymyz müdimidir diýýän Gahryman Arkadagymyz egerde biziň ata-babalarymyz muny ýöredip gelen bolsa onda şu günki nesillerem geljekde bizden dörejek nesillerem şunuň özüni dowam etdirmelidiginden habar berýär. Hormatly Prezidentimiz uzak ömrüň sagdyn ýaşaýşyň ilkinji nobatda tebigata baglydygyny, adam özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan alýar. Şeýlede adamyň ömri tebigat bilen diýmek bilen belläp geçýär. Türkmen tebigaty ynsan saglygynyň özara sazlaşygy hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ylmy kitaplarynda doly beýan edilýär.

Dabaraly maslahatyň arasynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY