Ýüregimde alkyş bar

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň, Aziýanyň merjen şäheri — gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýän gününde maňa hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty nesip etdi. Munuň üçin begenjimiň çägi ýok. Halkymyzyň Arkadagy, ýaşlaryň hak Howandary   hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn.

Ýaşlykda egsilmez güýç-gaýrat bar, bagtly geljege hyjuw bar, ösüşlere ymtylyşlar, giň mümkinçilikler bar. Ýaşlar hemişe-de, hemme ýurtda-da döwletiň daýanjy, jemgyýetiň işjeň güýji hasaplanylýar. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň ep-esli bölegini ýaşlar düzýär. Hut şonuň üçinem, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyndaky çuň many-mazmunly çykyşynda belleýşi ýaly: «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir».

Gahryman Arkadagymyz: «Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz» diýýär. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň watançylyk sargytlaryndan ruhlanyp, olary durmuşda ýol-ýörelge edinýän bagtyýar türkmen ýaşlary mundan beýläk hem hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşarlar. Şol sanda biz — ýaş žurnalistler hem milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ýetýän şanly sepgitlerini, gazanýan uly ösüşlerini, barha belende galýan halkara abraýyny wasp etmekde, gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmekde, dünýä ýaýmakda mundan beýläk-de zehin-yhlasymyzy gaýgyrman, netijeli zähmet çekeris. Munuň üçin biz — ýaş žurnalistlere ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

 

Aýmyrat PIRJIKOW,

                                                            «Türkmenistan» gazetiniň öz habarçysy,

                                                    Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY