2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň “Owaz” teleradioýaýlymynyň merkezinde “Ýylyň parlak ýyldyzy – 2021” ady bilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Däp bolup gelşi ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralýan bu döredijilik bäsleşigi ýylyň-ýylyna geçirilýär. Bu döredijilik çäresi ýylsaýyn zehinli ýerine ýetirijileriň barha köp sanlysynyň, şol sanda, Diýarymyzyň iň çet künjeklerinden hem ukyply aýdymçylaryň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýär.
Bäsleşige diňe bir ýurdumyzyň şäherlerinden däl, eýsem obalaryndan hem zehinli aýdymçylar gatnaşdylar. Olaryň arasynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da, uly sahnada çykyş edýänler-de, çeper höwesjeňler hem bar. Bäsleşige gatnaşmaga geljegine uly umyt bildirilýän, aýdym aýtmakda tapawutlanýan, eýýäm tomaşaçylaryň ünsüni çekýän dalaşgärleriň 10-sy saýlanyp alnypdyr.
Bäsleşigiň şerti boýunça jemleýji tapgyrda oňa gatnaşýanlaryň iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olaryň ýerine ýetirijiniň hünär ussatlygyna we zehinine baha bermek, sesiniň güýjüni we owazlylygyny kesgitlemek üçin sazsyz ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň ikinji görnüşinde aýdymçylaryň ýerine ýetiriş ussatlygy aýdymçylaryň gahrymanynyň keşbine girip bilmek ukyplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
Aýdym-saz bäsleşiginiň ýaş ýerine ýetirijileriniň çykyşlaryndan soň, meşhur artistler öz pikirlerini aýtdylar we ýaş kärdeşlerine maslahat berdiler. Soňra tomaşaçylar bäsleşige gatnaşýan ýaş estrada aýdymçylara öz seslerini aýan etdiler.
Sesler sanalýan pursady geçen ýyllardaky ýeňijileriniň Täze ýyla bagyşlanan, bagtyýarlyk döwrümiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň waspyny ýetirýän aýdymlary belent ýaňlandy.
Bu döredijilik bäsleşiginde Begençmyrat Çaryýew ýeňiş gazanyp, “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada mynasyp boldy. Oňa bäsleşigiň göçme kubogyny hem-de nepislik bilen dokalan türkmen halysy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Birinji orna Rüstem Hallyýew, ikinji orna Bahar Annaýewa, üçinji orna bolsa Baýramhan Saparow mynasyp boldular. Olara hem ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bagtyýarlyk döwrümiz ylhamlaryň joşýan, sungatyň gülläp ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýän döwridir. “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň zehinlerini goldamaga we höweslendirmäge gönükdirilen köptaraplaýyn aladalarynyň we ünsüniň ýene-de bir aýdyň beýanydyr.