ARKADAGYŇ PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATY DABARALANÝAR

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda «Arkadagymyzyň millilikden gözbaş alýan Bitaraplyk syýasaty – nesilleriň bagtyýar geljeginiň kepili» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik we bilim işgärleri hem-de talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Kabul ediş merkezinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda «Ýaşasyn parahat durmuş» atly ajaýyp eseriniň çuň many-mazmuna ýugrulan şygrynyň baýramçylyk gününde halkymyz üçin uly sowgat bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Dünýäniň halklaryny parahatçylyga, abadan ýaşaýşa, bagtyýar durmuşa gönükdirýän bu ajaýyp şygyr, Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli beýik syýasatynyň belent owazy bolup her bir ynsanyň kalbynda giň orun alandygy nygtaldy. Döwrümiziň baş halypasy Gahryman Prezidentimiziň döredijiligiň dürli ugurlarynda görkezýän nusgalyk göreldesi kämillige tarap barýan aýdyň ýollarymyzda bize şamçyragdyr diýip çykyş edenler bellediler.

Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, döwlet berkararlygynyň, halk abadançylygynyň hatyrasyna uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalary, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri, birek-birege düşünişmek we dostluk ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrundaky öňe sürýän başlangyçlary netijesinde bu gün eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. Şeýle işleriň netijesinde Arkadag Prezidentimiziň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy dabaralandyrmak babatda öňe sürýän parasatly başlangyçlary bu günki gün Zeminiň halklarynyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Biziň baky berkarar Diýarymyz, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimiz, milli Liderimiziň türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, mizemez döwletimiziň baky binýadyny nazarlaýan mukaddes taglymatlarynyň datly miweleridir. Parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň dünýä ýüzünde dabaralanmasydyr diýip maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Arkadag Prezidentimiziň: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir!» diýen ajaýyp sözlerinden hem-de görkezýän şahsy göreldesinden ruhlanyp, Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, alyp barýan parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, şeýle-de ýurdumyzyň ýaşlaryny durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze-täze belent üstünliklere ruhlandyrmakda, ýiti zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny ynandyrdylar we bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başy aman, tutýan beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem-de ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, milli mirasymyzy, milli el işleriniň dürli görnüşleri beýan edýän sergi çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.