Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde döwletli-döwranly Diýarymyzda alnyp barylýan her bir tutumly işler ýaşlaryň ajaýyp durmuşy, geljegi üçin amala aşyrylýar. Bu günki gün ýaş nesliň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda terbiýelenmegi, ak mermere beslenen mekdeplerde bilim almagy üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň synmaz sütünine, röwşen ertirine deňelýän çagalaryň bagtly geljegi ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Çünki Garaşsyz Türkmenistan durmuşymyzyň gülleri, ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalaryň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň myrat tapýan ýurdudyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda olaryň ähli babatda kämil ylymly-bilimli, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Gahryman Prezidentimiziň «Aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesiller üçin beýik geljegi gurýarys» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezen, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşantlaryny goşan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalary we çagalar döredijilik toparlaryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglady.
Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 7-sine geçirildi hem-de bu baýraga mynasyp bolan çagalar we çagalar döredijilik toparlaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.