Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz dürli ugurlarda uly üstünliklere we ösüşlere beslenýär. Gözel diýarymyz ýeňişlerden-ýeňişlere, toýlardan-toýa barýar. Ynha, 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň sergiler jaýynda açylan “Bagtyýardyr Arkadagly halkymyz” atly döredijilik sergisi hem munuň aýdyň mysalydyr. Sergide görkezilýän eserler bagtyýar döwrümiziň bagtly suratkeşleriniň ýürek seslenmesidir. Olaryň her birinde şöhratly taryhymyza çuňňur buýsanç, şu günümiziň belent waspy hem-de ýagty geljege bolan çäksiz ynam duýulýar. Aýratyn hem, sergide halypa suratkeşler bilen birlikde ýaş suratkeşleriň döreden eserleriniň hem mynasyp orun eýelemegi bizi diýseň begendirýär. Çünki ol Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýola goýlan “halypa-şägirtlik ýolunyň” şekillendiriş sungatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Sergide Gahryman Goçmyradowyň, Şagylyç Ataýewiň natýurmortlary, Agajan Rejepowyň, Zakirjan Babaýewiň, Rüstem Haýtmyradowyň peýzažlary, Ýagşymyrat Kerimowyň, Azat Tuwakowyň grafika eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da sergide Allamyrat Annamyradowyň “Köneürgenç mirasy”, Maýsa Ataýewanyň “Bugdaý nagyşly küýze”, Bahar Bakyýewanyň “Milli haşamlanan tabak” ýaly külalçylyk önümlerinde nepis nagyşlaryň üsti bilen ýaşlardaky gözellik düşünjesi ýüze çykýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Türkmen alabaýy”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly dana kitaplaryndan ruhlanyp, öz ajaýyp eserlerini döredýän ýaş suratkeşler halkymyzyň gymmatly mirasyna goýýan sarpasyny, Watanymyza bolan çuňňur buýsanjyny aýdyň beýan edýärler. Keramat Amataýewiň “Türkmen alabaýy”, Parahat Ilbaýewiň “Meniň dostum”, Maksatmyrat Kanyýewiň “Wepaly” ýaly nakgaşlyk eserlerinde adam bilen tebigatyň özara baglanyşygy, türkmen halkynyň göz guwanjy, ýakyn ýoldaşy hasaplanýan alabaý itleriniň, taýçanaklaryň keşbi örän inçelik bilen suratlandyrylypdyr. Amanmuhammet Ataballyýewiň “Ýüpek ýoly”, Gülşat Annamyradowanyň “Günbatar” ýaly eserleri sergä gelen tomaşaçylary geçmişiň taryhy sahypalaryna alyp gidýär. Mahym Atakowanyň “Aşgabat”, “Arkadag binasy”, Myratmergen Kulyýewiň “Asuda asman”, Sadap Kurbanowanyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” , Tawus Mämmedowanyň “Bedew bady bilen öňe barýas” Şeker Nökergeldiýewanyň “Aşgabat” ýaly işleri bolsa, türkmen halkynyň buýsançly zamanasynyň aýdyň waspydyr. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerini şekillendirýän surat eserlerinde ýaş suratkeşleriň ýürek joşgunynyň owazlaryny duýmak bolýar. Eziz Arkadagymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp zamanasynda ýaşamak, okap, bilim almak hem-de öz eserlerimizde bagtyýar döwrümizi wasp etmek her birimiz üçin uly bagtdyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk has-da rowaç alsyn!
Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň suratkeşler birleşigi
sungaty öwreniji.