Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy we giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen bimöçber işler durmuşa geçirildi. Şeýle tutumly işleri dabaralandyrmak, ýurdumyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli watançylyk we beýik zamanamyza buýsanç ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyryldy. Bu şygarda mähriban halkymyzyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalara, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýetilýän belent sepgitlere, bagtyýar zamanamyza we rowaçlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjy jemlenendir.

Merdana Watan goragçylary!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýöriş milli goşunymyzyň goranmak ukybynyň we söweşjeň kuwwatynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi. Siz geljekde-de Watany goramak borjuny ähli zatdan belent saýyp, harby ylmyň we sungatyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirmelisiňiz, watansöýüjiligiňiz, harby kasama we harby borja wepalylygyňyz hem-de ak ýürekliligiňiz bilen uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz.

Eziz Watanymyzyň edermen ogullary!

Dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biri hasaplanýan eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän hem-de döwletimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty bilen ugurdaş bolan Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny gyşarnyksyz berjaý etmek siziň her biriňiz üçin belent borç bolmalydyr. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, konstitusion gurluşyny, asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyzy goramagy hem-de jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmagy, kanunçylygy has-da berkitmegi hemişe baş maksat hasaplamalysyňyz. Geçmişde öçmejek yz galdyran parasatly pederlerimiziň mertlik mekdebini we harby sungatyny mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Döwrebap harby tehnikalara we enjamlara erk etmek başarnygyny birkemsiz ele alyp, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşmalysyňyz, ata-babalarymyzyň adalatlylyk, parasatlylyk, sabyrlylyk, mertlik, edermenlik, watansöýüjilik ýaly belent häsiýetlerini hemişe hemra edinmelisiňiz.

Siziň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmek ýaly belent hem-de jogapkärli borçlara wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa, bu mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.

Watanymyzyň wepaly ogullary!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan üç aý soň döredilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 30 ýyl dolýar. Milli goşunymyz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilýär, döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär.

2021-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurt goragçylaryna goýulýan sarpany has-da belende göterdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç almagy üçin häzirki zaman şertlerini döretmek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem döwlet syýasatynyň we amala aşyrýan harby özgertmelerimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galar.

Hormatly Watan goragçylary!

Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gullugyňyzda hem-de işiňizde uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy

Gurbanguly Berdimuhamedow.