27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli “Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýaş alymlaryň orny” atly ylmy-amala maslahatynyň we ýaşlaryň ylmy-barlag işleriniň, oýlap tapyşlarynyň sergisi geçirildi. Her bir millete mahsus bolşy ýaly türkmen halkynyň hem mukaddes hasaplaýan ýörelgeleri bar. Ýagny köpri gurmak, guýy gazmak, ýap çekmek, ylym öwrenmek ýaly işler gadymy döwürlerden bäri türkmenlerde mukaddes hasaplanýan ýörelgelerdir. Aslynda ylym öwrenmek ähli döwürlerde-de ähmiýetini ýitirmändir. Häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen ylmy has ýokary derejelere ýetdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen sazlaşykly ylym-bilim ulgamynda hem milli maksatnamalar, konsepsiýalar, giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär we bu ugurda alnyp barylýan beýik işler Watanymyzyň ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki wagtda döwletleriň ösüşiniň we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy ylym ulgamyndaky ýagdaý bilen göniden göni baglanyşykly. Ylmy barlaglaryň geçirilmeginde uly üns berýän islendik ýurtda ylma esaslanýan tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Bu maksatlara ýeterlik derejede maliýe, maglumat, önümçilik we bilim serişdeleri bölünip berilýär. Şonuň üçin hem şol ýurtlar dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler” diýip bellemegi hem ýene bir gezek döwletimiziň özgerişine ylmyň goşandynyň nä derejededigine doly şaýatlyk edýär.
Gahryman Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagyna hem giň mümkinçilikler döredilýär. Zehinli ýaşlaryň döredijilik gözlegleriniň we çeperçilik meýilleriniň barha rowaçlanmagyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen “Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň” aýratyn orna eýe bolýandygy guwandyryjydyr.
Bilşimiz ýaly bu merkez 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda döredilipdi.
Ýaş alymlar merkezi häzirki wagtda özüniň meýilnamalaýyn işlerini alyp barmak bilen bir hatarda, dünýä – türkmen ylymynyň ösüş taryhyny we häzirki zaman gazananlaryny öwrenmek bilen hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça ylmy-innowasion syýasatyny we Prezident maksatnamasyndaky ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikleri, ylym ulgamynyň öňünde duran wezipeleri wagyz etmek we durmuşa geçirmäge ýardam bermek, ýaş alymlara we hünärmenlere düýpli we amaly ähmiýetli barlaglary geçirmeklerine goldaw bermek, ylmy edara-kärhanalarda ýaş alymlaryň we hünärmenleriň işlerini öwrenmek we seljermek, ýaş alymlaryň we hünärmenleriň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagy guramak, maslahatlary tanymal alymlar bilen duşuşyklary guramaga, ylmy-innowasion taslamalary, ylmy-barlag işleri alyp barmaga, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmaga goldaw bermek ýaly işleri ýerine ýetirýärler.
Däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” ýörite Karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi yzygiderli yglan edýär. Bu bäsleşige ýylyň-ýylyna birnäçe ýaşlar gatnaşyp ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýeri gelende belläp geçsek, ylmy işleriň ýeňijileriniň arasynda talyp ýaşlar bilen deň hatarda mekdep okuwçylarynyň hem ýylsaýyn artýanlygy guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, şeýle hem, Ýaş alymlar Merkezi tarapyndan ylym bilen meşgul bolýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak olaryň esasy dersleri öwrenmeginiň hilini we ylmy barlag işlere gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak, ylmy-barlag we önümçilik işine çekmek ýaş alymlaryň ylmy-barlag merkezlerinde alan bilimlerini we endiklerini amaly taýdan ulanmaklygyna ýardam bermek we şular ýaly birnäçe mümkinçilikleri amala aşyrmaklygyny gazanmak maksady bilen, “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşigi hem yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, onuň binýadynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň» tassyklanylmagy we bu resminamada ýaş alymlara döwlet tarapyndan döredilýän şertleriň, öňde goýlan wezipeleriň ýerleşdirilmegi bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlar hakyndaky aladanyň belent derejelere göterilýändigini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär.
Şeýle bagtyýar durmuşy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi, ylym we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredýän we bu ugurda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ähli başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!