Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynda welaýat Baş bilim müdirliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2022» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige onuň etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçileriň 11-si gatnaşdy.
«Mugallymlar gazeti» gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşan terbiýeçiler guran görelde sapaklarynyň ikisiniň ýazgysy, sapakda ulanýan okuw-görkezme esbaplarynyň görnüşleri, geçiren terbiýeçilik çäresiniň elektron ýazgysy bilen eminler toparynyň öňünde çykyş etdiler. Olar öz ugurlary boýunça okuw kitaplaryna, okuw maksatnamasyna ýazan synlaryny, tekliplerini, usuly gollanmalaryny, ylmy maslahatlarda eden çykyşlarynyň nusgalaryny, körpelere berýän bilim-terbiýesiniň, endikleriniň netijeliligini subut edýän ýazgylary, tassyknamalary eminler toparynyň garamagyna hödürlediler.
Bäsleşigiň çäklerinde terbiýeçileriň okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi hem guraldy.
Bäsleşigiň netijesi boýunça, baş baýraga — «Ýylyň terbiýeçisi — 2022» adyna Murgap etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulgerek Durdymyradowa mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşige gatnaşanlara ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.