Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp barýan ýaş nesliň çuň bilimine, zehin yhlasyna baglydyr. Biz ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur çäreleri döredip, olara ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşmäge we döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga giň ýol açdyk» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden, gözelligiň, nuranalygyň baýramy bolan Milli bahar baýramy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eýjejik gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde gyzjagazlar 3 (üç) şert boýunça: (I şert) Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmek (II şert) Bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek (III şert) Gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda 3-nji orna eýjejik gyzlaryň üçüsi, 2-nji orna gyzjagazlaryň ikisi, 1-nji orna Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gülendam Merdanowa, Baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Oguljeren Ýazgeldiýewa dagylar mynasyp boldylar. Ýeňijilere we gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze taryhy eýýamda bagtyýar nesillerimize okamaga, öwrenmäge, döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.