Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde täzelenişiň, owadanlygyň baýramy – Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Ýaşaýşy, döredijiligi, durmuş gözelligini dabaralandyrýan Milli bahar baýramynyň joşgun-galkynyşly dabaraly çäreleri halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri rowaç alan paýhasly ýörelgeleriniň, milli toý-baýramlarymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar — kalbymyzda çäksiz joşgun, şu günümize guwanç hem-de bagtyýar ertirimize buýsanç döredýär. Çünki Milli bahar baýramy mähriban halkymyzyň döredijilikli hyjuwynyň, hoşniýetli maksatlarynyň we aýdyň niýetleriniň ýüze çykmasydyr, biziň her birimiziň kalbymyzda şan-şöhrata beslenen geçmişimize bolan beýik buýsanjy, söýgini we ynamy joşdurýan, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini dünýä ýaýýan, adamzat durmuşynyň bezegine öwrülen medeni gymmatlykdyr.
Dabaranyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň taýýarlan aýdam-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Höwesjeň ýaşlaryň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bellenilýän Milli bahar baýramynyň waspy giňden ýetirildi.