«Arkadagly zamanada nowruz geldi ilime»

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Keramatly türkmen topragynyň görküne-görk goşýan, gözelligiň hem-de joşgunyň ählihalk toýy — Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Arkadagly zamanada nowruz geldi ilime» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlar, döredijilik işgärleri işjeň gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda çykyş edenler Milli bahar baýramy, Nowruz dessurlarynyň hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu nurana baýramçylygyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin belläp geçidiler. Ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň başlangyjy hasaplapdyrlar, bagtyň, berekediň gelmegi hökmünde garşylapdyrlar. Halkyň kalbynda we hakydasynda ýaşap gelen bu baýramy täze ýylyň başlanmagy hökmünde baýram edipdirler. Pederlerimiziň çuň pelsepesinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda ruhubelent türkmen halkynyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýelän bu baýram Türkmen döwletiniň şöhratly täze senenamasynda täze mazmuna, täze ruha, täze röwşe eýe boldy diýip dabara gatnaşyjylar buýsanç bilen nygtadylar. Çäräniň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Täze taryhy zamanamyzda milli baýramçylyklarymyzy ýokary derejede bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR