Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 171-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2022» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Iki günläp dowam eden bu bäsleşik iki şertden ybarat boldy.
«Mugallymlar gazeti» gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, terbiýeçiler sözleýşi ösdürmek, sowat hem-de ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, şeýle-de beýleki sapaklar boýunça nätanyş körpeler bilen sapaklary guradylar. Sapak wagtynda terbiýeçiler irki ýaşda çagalara öwrediji oýunlary oýnatmagyň, mekdebe çenli ýaşly çagalara watançylyk terbiýesini bermekde olaryň göz öňüne getirmek arkaly akyl ýetiriş, pikirleniş ukyplaryny we sözleýiş dilini ösdürmegiň usullaryny, türkmen halk ertekileriniň çaga terbiýesindäki ornuny düşündirdiler. Terbiýeçiler sapak pursadynda çagalar bagynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde okatmagyň işjeň usullaryny, öwrediji oýunlary giňden ulanmak bilen, çagalaryň söz baýlygyny we dil medeniýetini ösdürmegiň ähmiýetini açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde terbiýeçiler özleriniň döredijilik işleri bilen tanyşdyrdylar. Olar körpeler bilen guraýan sapaklarynda ulanýan görkezme esbaplarynyň görnüşleri, multimedia tagtasyndan peýdalanmagyň ähmiýeti, slaýd şekilleri, elde ýasalan gurjaklaryň sapaklarda peýdalanyş usullary barada aýtdylar. Eminler tarapyndan berlen sowallara jogap berdiler.
Bäsleşigiň geçýän ýerinde terbiýeçileriň iş usullaryndan söhbet edýän görkezme esbaplarynyň sergisine hem tomaşa edildi.
Eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça 1-nji orna «Bagtyýar nesiller» atly 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Maral Çogdarowa mynasyp boldy. 2-nji orny 183-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Täzegül Orazmyradowa, 3-nji orny bolsa «Nowruz» atly 102-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gurbangözel Altyýewa eýelediler. Bäsleşikde 1-nji orna mynasyp bolan terbiýeçi onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.