Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler. Bu barada Hökümetiň düýn geçirilen mejliisnde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanyna habar berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we olaryň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
«Welosiped» binasyndan badalga aljak köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçjek ýolunyň ugry boýunça sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary guralar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek hem-de sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda saglygy pugtalandyrmaga we ruhubelentlige ýardam edýän welosiped sportuny giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtady.
Welosiped sporty ekologiýa taýdan arassa we gyzykly bolmak bilen, tutuş dünýäde, aýratyn hem, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýar.