«Türkmenfilm» beýik akyldar Mäne Baba hakynda gysga göwrümli film taýýarlaýar

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşigi tarapyndan dowamlylygy 30 minut bolan «Mäne Baba» atly çeper-publisistik film surata düşürilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Filmiň režissýory Söhbet Koçumow.

Çeşmäniň habar bermegine görä, filmde Gündogaryň beýik akyldary, «Söz äleminiň Soltany» diýen ada eýe bolan Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne Babanyň ömür menzilleri we döredijilik dünýäsi barada giňden gürrüň berilýär.