«Ömrümiň manysy»

Türkmeniň ruhy kämilligini, düşünje sagdynlygyny asyrlar boýy üpjün edip gelen milli mirasymyz çuňňur öwrenilip, şöhratly taryhymyza, milli medeni mirasymyza, danyşment alymlarymyza çuňňur gadyr goýulýan, ykballarymyza nur çaýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde elimize gelip gowuşan, Gahryman Arkadagymyzyň çuň many-mazmuna, parasada ýugrulan täze «Ömrümiň manysy» atly döwletli eseri kalby kitaba teşne halkymyzyň ýüreklerine buýsanç çaýdy. Kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary ýurdumyzyň çar künjinde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle tanyşdyrylyş dabaralarynyň biri hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.

Hormatly Arkadagymyzyň 6 (alty) bölümden, has dogrusy «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» diýen bölümlerden ybarat bolan bu eseri ynsan ömrüniň maksatly menzilleriniň manysyny açyp görkezýär diýip tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bellediler.

Maslahatyň ahyrynda biziň her birimiziň ýan kitabymyza öwrülen şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň ylhamynyň ganatly, janynyň sag, döwletli ömriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, işlemegi, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi babatynda asyrlara barabar dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, altyn başy aman bolsun. Tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR