“Miras sözlügi”

Hormatly Prezidentimiziň “Milli mirasymyz halkyň genji-hazynasydyr, ýaşlar biziň geljegimizdir, ene-mamalarymyzyň bu asylly ýörelgesini dowam etdirmekde, ýaşlarymyzyň aňyna guýmakda we wagyz etmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr” diýen pähimlerinden ugur alyp,  TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat bilim müdirligi hem-de Balkan welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriniň arasynda “Türkmenistanyň medeni mirasy” dersi boýunça okadylýan 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda adamzat ýaşaýyşynda durmuş hajatlary üçin ulanylan gadymy maldarçylyk, ekerançylyk, hojalyk dokmaçylyk, tikin we beýleki el işleri, ak öý bilen bagly adalgalar, hem-de gündelik durmuşda ulanylýan esbaplaryň atlaryny dürs we dogry atlandyrmaklaryny, olaryň ulanylýan ýerlerini takyk anyklap bilmeklerini, miras adalgalary baradaky düşünjelerini giňişleýin delillendirip, mekdep okuwçylarynyň milli mirasa bolan düşünjelerini artdyrmak we çuňlaşdyrmagy gazanmak maksady bilen “Miras sözligi” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik dört şertden ybarat bolup 1-nji şerti “Türkmenistanyň medeni mirasy” dersi baradaky düşünjelerini dilden beýan etmek, 2-nji şerti islendik muzeý gymmatlygy barada mazmunly gürrüň bermek, 3-nji şerti ÝUNESKO-nyň görnükli nusgalaryna girizilen medeni mirasymyzy atlandyrmaly, 4-nji şerti “Syrly sandyk” bukjasyndaky sowallara jogap bermeli. Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar öz ukyp başarnygyny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda I orna Balkanabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Gurbanmämmedowa Söýli, II orna Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Atjanowa Arzygül. III orna Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Božžaýewa Bahargül we Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Şagylyjowa Gülsere mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapynda ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR