Sungat – müňde bir öwrümli dünýä. Ynsanyň duýga baý dünýäsiniň üstüni ýetirip, gözellik äleminiň deňsiz-taýsyz gözbaşyna gözi ýetmeýän ummany hakynda söhbet açylanda, köňle gelenin taraşlap şaglatmaýan ynsan ýok. Şeýle sungatyň uçursyz ummanyna siňip kalp küýseginde özboluşly ajaýyp eserleri döredýän ussat suratkeşlerimiziň biri-de Saparmämmet Meredowdyr.
Saparmämmet Meredow 1952-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-sinde Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Arçman obasynda eneden bolýar. Ol orta bilimini obasyndaky 5-nji orta mekdepde alýar. Ussat suratkeşe çagalykdan surat çekmäge höwes döreýär. Soňra zehinli suratkeş 1968-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen Döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girýär. 1972-nji ýylda keramika bölümini üstünlikli tamamlaýar. Ol 1972-nji ýylda Türkmenistanyň Çeperçilik fondunda suratkeş bolup zähmet ýoluna başlaýar.
Ol özüniň zähmet çeken ýyllarynda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýar. Saparmämmet Meredowyň döredijiliginde esasan türkmeniň oba durmuşy aýratyn orun tutýar. Suratkeş türkmen topragynyň zähmetkeşleriniň, daýhanlarynyň durmuşyna bagyşlap köp eserleri döretdi. Saparmämmet Meredow suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Suratkeş durmuşyň dürli görnüşlerine degişli ajaýyp eserleri bilen tanalýar. Onuň eserlerinde mukaddes Watanymyzyň geçmişi we şu güni, milli däp-dessurlarymyzy, gözel tebigatymyzy, türkmen alabaýy we türkmeniň göz-guwanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň keşbi öz beýanyny tapdy.
Ussadyň eserleri geçmişi gürrüň berýän bolsa-da, ol eserler geljege tarap nazar aýlamaga itergi berýär. Suratkeş “ Türkmen köli”, “ Eneler hakda oýlanma”, “Geçmiş”, “Oýunçy itler”, “Watan sarpasy”, “Mukaddes toprak”, “1941-nji ýyl”, “Tebigat”, “Gyzgyn çörek”, “Arçmanyň peýzažy” ýaly birnäçe ajaýyp eserlerini döretdi. Mundan başga-da suratkeş nakgaşlyk eserleri bilen bir hatarda, grafikada ak-garanyň üsti bilen portret eserlerini hem ýerine ýetirýär. Bu eserleriň ählisi şahyranalyk bilen wasp edilýär.
Suratkeş Saparmämmet Meredow öz döredijilik dünýäsinde ençeme gezek daşary ýurt döwletleriň sergilerinde boldy. Ýagny, dünýäniň ösen döwletleri bolan Germaniýada, Fransiýada, Italiýada, Bolgariýada, Gresiýada, Russiýada, Siriýada, Türkiýede, Eýranda, Mongoliýada, Ýaponiýada we ABŞ-da bolan döredijilik syýahatynda ýazylan eserleri köpleriň ünsüni özüne çekdi. Muňa mysal edip, suratkeşiň Mongoliýada we Ýaponiýada bolan saparynda döreden eserleri, “Mongoliýa”, “Mongol zenany”, “Masogyň muzeýi”, “Selba derýajygy”, “Mongoliýa giňişligi” tomaşaçylary haýran galdyrdy. Şeýle özboluşly eserleriň daşary ýurt döwletlerinde sergilenmegi ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem has-da berkemegine uly itergi berýär.
Saparmämmet Meredow 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen ady dakyldy. Zehinli suratkeşiň döredijiligi türkmen şekillendiriş sungatynda mynasyp orny eýeleýär. Ussat halypanyň eserleri geljekki nesilleriň döredijilik ýoly üçin uly mekdepdir.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“ Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
1-nji ýyl talyby Nurana Sähetgeldiýewa