Parahat ýurdum Türkmenistan

Halkyň Arkadagly zamanasynda, bedew bady bilen öňe barýan türkmen halkynyň her bir güni toý-dabaralara we şanly senelere beslenýär. Şu ýylyň 12-nji maýynda  Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy we 13-nji maýynda bolsa, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogy  atly  uly dabaraly çäreler geçirildi. Bu dabaraly Halkara foruma medeniýet we sungat işgärleri hem öz mynasyp  goşandyny goşdular. Türkmen sungatyny açyp görkezmek ony dünýä ýüzüne äşgär etmek maksady bilen daşary döwletlerden gelen myhmanlara şu forumyň çäginde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda şekillendiriş sungatyna degişli ajaýyp eserleri sergilendi we Aşgabat şäherindäki teatrlarynda we kino  teatrlaryna baryp  birnäçe kinolar we  spektakllar  gördüler.

Hormatly Prezidentimiz dostluk-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbitleri däl, eýsem, halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny öňe sürýär. Dünýäniň ösüşiniň täze sepgitlerini,  milli we umumadamzat ähmiýetleri göz öňüne tutmak bilen, iri halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Bu günki gün Diýarymyzda enelere, gelin-gyzlara aýratyn uly sarpa goýulýar.  Döwletimizde zenanlara, okamaga, maşgala gurmaga, çaga terbiýelemäge ähli ýagdaýlarda doly hukuklar berilýär.  Zenanlara bolan sylag-hormat öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Berkarar Watanymyzda türkmen gelin-gyzlarynyň mertebesi belent tutulýar. Bu günki gün türkmen zenanlary maşgalada we işde, durmuşda we döredijilikde, sungatda we ylymda, saglygy goraýyşda we ykdysadyýetde, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda öz beýanyny tapýar. Bagtyýar döwrümiziň zenanlary Eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine, özgerişlerine  özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşynda baý medeni mirasymyzy gorap saklamakda, bu günki nesillere ýetirmekde, wagyz-nesihat etmekde zenan maşgalanyň möhüm orny bar. Gelin-gyzlarymyzyň el-hünärinden döredýän ajaýyp halylary, keşdedir-gaýmalary, sypaýydan milli egin–eşikleriniň dünýäni haýrana goýýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogynda zenanlara goýulýan belent sarpa barada giňden bellenip geçilýär. Doganlyk döwletlere bagyşlanyp guralan sergide ussat suratkeşleriň we zergär ussatlarynyň işleri bu  forumda öz beýanyny tapdy.

Bize medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä döwletlerine äşgär etmekde, ylymda we bilimde şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Gülälek KEROGLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň

 “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR