«Aşgabat – Watanymyň gözel paýtagty – Bagtyýar nesilleň gül açýan bagty»

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp künjekleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni, umumybilim berýän orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasy hem-de Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Aşgabat – Watanymyň gözel paýtagty – Bagtyýar nesilleň gül açýan bagty» atly aýdym-sazly, döredijilik dabarasy geçirildi. Çagalar we döredijilik öýleriniň çeper höwesjeňleriniň, bagtyýar talyplaryň, sirk artistleriniň taýýarlan görkezme çykyşlary çärä gatnaşyjylaryň kalbynda uly ruhubelentlik döretdi. Ýaş şahyrlaryň okap beren bagtyýar zamanamyzy, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wasp edýän ajaýyp şygyrlary çärä gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Her güni ajaýyp wakalar bilen baýlaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanamyzda gözel paýtagtymyzyň at-abraýy barha arşa galýar. Köňüllere ylham paýlaýan nurana gijeleriň, ýüreklere buýsanç çaýýan ajaýyp säherleriň, gujagynda ak geljegiň eýeleri bolan bagtyýar nesilleriň gülki sesleriniň belentden ýaňlanýan mesgeni bolan paýtagtymyz Aşgabat gün saýyn gözelleşýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzda bagtyýar nesiller hakyndaky alada öňdäki orunda durýar. Eziz Diýarymyzda çagalaryň döwrebap bilim almaklary, okuwdan boş wagtlary sport bilen, döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary hem-de medeniýetli dynç almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Ylham» seýilgähinde geçirilen aýdym-sazly, döredijilik dabarasyna gatnaşan bagtyýar çagalaryň ýüzündäki ýylgyryş, döredilýän şeýle mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Kalplary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan beýik söýgüden püre-pür çagalaryň ýürek sesleri aýdylan aýdymlardyr goşgularda has buýsançly ýaňlandy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR