Toý-baýramlara baý bolan eziz Diýarymyzda ulydan bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa öňdebaryjy halyçylar, mährem zenanlar hem-de bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arşyň nepisligine deňelýän, ajaýyp sungata öwrülen türkmen halylarynyň şan-şöhraty dünýä ýaň salýar. Mährem zenanlarymyzyň on barmagynyň yhlasyndan dörän ajaýyp halylar gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Gadymyýetden bize miras galan bu inçe sungat ýyllaryň dowamynda has hem kämilleşdi. Munuň özi bolsa halkymyzyň bu ajaýyp sungata bolan söýgüsiniň çäksizdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bular barada maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Çäräniň dowamynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli öňdebaryjy halyçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ykballarymyza nur çaýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halysynyň şan-şöhratyny arşa göterýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşy sözlerini ýolladylar.