Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Bilim daragty meýdançasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny – 2022» atly döredijilik festiwalynyň döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň nurana günlerinde halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesillere öwretmek, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungatynda, halk döredijiliginde zehin başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän bu döredijilik festiwalynyň döwlet derejesindäki tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan bagtyýar ýaşlaryň birnäçesi uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Adyndan belli bolşy ýaly «Talyp joşguny – 2022» atly döredijilik festiwalynda bagtyýar talyplaryň joşgunyndan dörän ajaýyp eserler dabara gatnaşyjylaryň kalbynda buýsanç duýgularyny has-da artdyrdy. Ýaňlanan aýdym-sazlar, çeper okaýyşlar, edebi, sazly, folklor we beýleki çykyşlar bu çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, asuda we parahat durmuşymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan beýik söýgi giňden beýan edildi.
Kämil eserler – hakyky zehinleriň ylhamynyň sazlaşygyndan kemala gelýär. Ýaş hem-de çuň zehinli ýaşlaryň ýüreginiň töründen gaýdýan ajaýyp eserler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuşymyzyň ynsan ykballaryna eçilýän ylhamyndan döreýär. Muny dabarada ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlarda, edebi-sazly çykyşlarda aýdyň görmek bolýar. Ýaş ýerine ýetirijileriň dürli dillerdäki ýerine ýetiren aýdym-sazly, tans çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Munuň özi bolsa olaryň diňe bir halkymyzyň milli medeniýeti däl, eýsem, daşary döwletleriň medeniýeti, sungaty bilen içgin gyzyklanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Täze taryhy zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýaş zehinleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berlip, dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, olaryň abraýly festiwallara we döredijilik gözden geçirilişlerine işjeň gatnaşmaklary üçin uly şertler döredilýär.
Ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge, döwrebap, kämil eserleri döretmäge ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredilip berilýär. Şeýle uly şertlerden peýdalanyp, medeniýeti we sungaty söýüjileriň döredýän ajaýyp eserleri her bir ynsana ruhy lezzet berýär, göwün guşuny ganatlandyrýar.
Dabaranyň dowamynda «Talyp joşguny – 2022» atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyryna gatnaşan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlaryna gymmatbahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar gül açýan Watanymyzda okamaga, halal zähmet çekmäge, döredijiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, ykballarymyza nur çaýan Täze taryhy zamanamyzda milli medeniýetimizi, ajaýyp sungatymyzy has belent derejelere ýetirip, dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.
Mähri BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.