Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» kitabynda düýe hakynda aýdanlaryndan.

«Düýe maly – dünýe maly» diýmek bilen, halkymyz maldarçylygyň ýene bir ugruna bolan garaýşyny aňladypdyr. Düýe maly – ýaşaýşyň ajaýyp gymmatlygy. Onuň süýdüne, ýüňüne, etine çenli uly baýlyk. Süýdünden önýän nygmatlardan başlap, düýe maly ynsan üçin saglyk hem eşret çeşmesi. Lukman hekim dünýäden gaýtjak mahaly, adamlaryň: «Indi nähili ýaşarkak?» diýen sowalyna: «Düýe bardyr, şony idediň, şoňa yhlas ediň!» diýendigi hakyndaky rowaýat ýöne ýere dörän däldir. Düýe bütin durmuşda, asyrlaryň dowamyndaky kerwen ýollarynda, ýurtlar hem halklar arasyndaky gatnaşyklarda ulag hökmünde hem ýerini çalşyp bolmajak hyzmatlary bitiripdir. Şonuň üçin türkmen: «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» kimin nakyllary döredipdir. Halkymyz: «Düýeli baý – dünýeli baý» hem diýýändir.

***

Zaratuştra – bu goşma atdyr, ýagny «zara» – «zer», «ustra» – «düýe» manysynda bolup, «Altyn düýeli» ýa-da «Altyn düýäniň eýesi» diýmegi aňladýar. «Awestadan» çen tutsak, otparazlar düýe malyny juda oňat görüpdirler. «Düýe malym – dünýe malym» diýýän halkymyzyň häzirem düýä aýratyn garaýşy bar.

***

Türkmen: «Düýe malym – dünýe malym» diýip, düýäniň özüni-de, ýüňüni-de mukaddes saýýar. Şoňa görä, nika gyýylmazdan öňürti öýlenýän ýigidiň egnindäki toý köýneginiň jübüsine, gyzyň ketenisiniň art etegine, çabydynyň jübüsine düýe ýüňi çatylýar.

 

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan düýe hakyndaky nakyllar:

 

Atlynyňky – alnynda, düýeliniňki – töründe.

***

Çöken düýe ýer alar. 

***

Türkmeniň özge gaýgysy bolmasa, düýesi ýaban çöker.

***

Laçyn bilen düýe awlanmaz.   

***

At aýlygyny gözlär, düýe – ýyllygyny, eşek – aýagynyň

aşagyny.

***

At tapýançaň, eşek sakla, düýe tapýançaň – köşek.

***

Düýe düz diýip geçer, ýigit – gyz diýip.

***

Düýe boýnunyň egrisini bilmez, ýylana egri diýer.

***

Düýe garrasa, botasyna eýerer.  

***

Düýe gyrda bolsa-da, gözi şorda bolar.

***

Düýe hança bolsa, ýagyry şonça.

***

Düýe menziline garar, eşek – aýagynyň astyna.  

***

Kiçi ýüke düýe-de tiz çöker.

***

Düýe näçe arryk hem bolsa, hamy bir eşege ýük.

***

Düýe ogurlan, düýe boýy çukur gazar.

***

Geçili baý – kiçi baý, goýunly baý – goýy baý,

Sygyrly baý – saldamly baý, düýeli baý – dünýäli baý.

***

Ýuwaş düýe ýolda ýagşy, ýuwaş at – elde.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR