Iýip-içmegiň edebi

Wagtynda we kadaly iýip-içmek saglygyň seresidir. Şeýle hem edep kadalaryna laýyklykda iýmek-içmek bolsa medeniýetlilik hasap edilipdir. Şonuň üçinem iýmitlenmegiň kadasyny her bir türkmeniň bilmegi hökmandyr, çünki lukmanlaryň aýtmagyna görä, köp keseller bu kadany berjaý etmezlikden gelip çykýar.

Ynsanyň saglygyny saklamagynyň esasy  halal we arassa azyk önümleriniň, imitleriň, içgileriň iýilip-içil­meginde durýandyr. Türkmen halky hem bu edep kadalaryny öz durmuşuna ornaşdyrypdyr. Türkmeniň ýaşaýyş medeniýetine laýyklykda däbe öwren iýmek-içmek bilen baglanyşykly bu edep kadalaryny gysgaça şeýle sanap bileris:

Nahardan öň we soň eliňi ýuwmak.

Ata-babalarymyz: «Naharyň bereketi iýmekden öň we soň eliňi ýuwmakdyr» diýipdirler. Şeýle hem el ýuwmakdan başga agyz arassalygyna hem üns beripdirler.

Nahary oturyp iýmelidir.

Türkmençilikde, umuman, ýere saçak ýazylyp nahar iýilýändir. Eliňe direnip, ýaplanyp, ýatyp iýip-içmeklik halanmandyr. Şeýle hem Ymam Gazaly «Ihýa» atly kitabynda: «Beýiklikde, stolda nahar iýmek tekepbirlik bilen edilmese, hiç hili zeleli ýokdur. Çünki stol nahar iýmegi ýeňilleşdirýär» diýip düşündirýär.

Dik durup iýip-içmek halanmaýar. Ýöne «Oturmaga mümkinçilik bolmany üçin, dik duran ýeriňden iýip-içmegiň zeleli ýok diýip, Ymam Gazaly aýdypdyr. Bu meselede ýurduň däp-dessuryna, şahsyň ýagdaýyna esaslanylýar.

Nahary hemişe sag eliň bilen iýmelidir.

Çaga  kiçi ýaşdaka sag eli bilen nahar iýmäni öwretmeli. Çep el bilen iýip-içmek türkmençilikde halanmandyr. Ýöne unudyp ýa-da bir näsaglyk sebäpli çep eli ulanmagyň, şeýle hem çöregi döweniňde çep eliňi kömekçi edinmegiň zeleli ýokdur. Çöregi iki eliň bilen döwmek has laýygydyr.

Nahary gyzgyn iýmeli däl we iýip-içeniňde üflemeli däldir.

Nahary gyzgyn iýmek, çaýy gyzgyn içmek agyz boşlugy we garyn üçin zyýanlydyr. Şonuň üçin nahary biraz sowadyp äbermelidir. Bu saglyk taýyndan hem has gowudyr. Türkmençilikde: «Gyzgyn naharda bereket ýokdur» diýlip ündelýär.

Nahary ýaplanyp iýmeli däldir.

Ýaplanyp iýip-içmeklik türkmençilikde halanylmaýan häsiýetlerden biridir, sebäbi beýle etmeklik saçaga hormatsyzlyk bolşy ýaly medeniýetsizlik hem saýylýar.

Nahary gereginden artyk iýmeli däldir.

Köp iýmegiň halanmaýşy ýaly, aç gezmek hem maslahat berilmeýär. Çünki köp iýmeklik, uky, ýaltalyk, gowşaklyk döredýär, açlyk bolsa ejizledýär. Aşa dokluk süňňi agraldýar, bedeni syrkaw halyna salýar, köp hereket etmeýän adamlarda dürli keselleri döredýär.

Hawa, ynsanyň saglygyny goramagynyň şertleriniň biri-de ýaşyna laýyklykda iýip-içýän zadyna üns bermekdir.

Mümkin bolsa, günde iki gezek naharlanmaly (ertirlik we agşamlyk).

Saglyk taýyndan iň peýdalysy hem mümkin bolsa günüň dowamynda iki gezek naharlanmakdyr. Bu ertirlik we agşamlyk naharydyr. Eger-de ynsan günde iki gezek nahar iýjek bolsa, agşamlyk naharyny gijikdirmeli däldir. Sebäbi agşamlyk nahary gijikdirilip iýilse, ol düýbünden saglyga zyýanlydyr. Gowy dynç almak üçin aşgazanyň boş bolmagy gerekdir. Il arasynda “Ertirki naharyňy özüň iý, günortanlygyňy dostuň bilen bölüş, agşamlygyňy duşmanyňa ber” diýlen dana sözlerde hem hut şu zatlar göz öňünde tutulandyr.  Garyn-içege keselliler az-azdan günde üç gezek iýmelidirler.

Tabakda nahar galdyrmaly däldir.

Çünki alymlarymyzyň belleýşi ýaly, naharyň soňy has bereketlidir.

Köplük bolup naharlanmaly.

Agzybirlik halkymyzyň ganyna, süňňüne siňen ajaýyp häsiýetleriň biri. Hut şonuň üçin danalarymyz hemişe agzybir bolmagy, jemagat bolup ýaşamagy ündeýşi ýaly, nahary hem köplük bolup iýmegi ündäpdir. Köplük bolup naharlanmak dost-doganlygy, agzybirligi berkider. Şeýle hem öý eýesine myhman sogaby gazandyryşy ýaly, saçagyň hem bereketidir.

Bilelikde nahar iýlende, her kim öz öňünden iýmelidir.

Tabakdaşlar bolup nahar iýlende, her kimiň öz öňünden iýmesi edeplilikdir. Şeýle ýagdaýda şahsy gigiýenany berjaý etmeli. Nahar el bilen iýilýän bolsa, nahar iýýän elimiz bilen köpçüligiň iýjek zatlaryna degirmeli däl.

Nahar wagty terbiýeleýji, peýdaly gürrüňleri etmeli.

Çünki Pygamberimiz hem saçak başynda söhbet eder eken.

Nahar iýilip bolnandan soň bile turmalydyr.

Beýle etmek hem medeniýetlilikdir. Çünki nahar iýilýän wagty doýan kişi  saçagyň başyndan turup gitse ýanyndaky ýoldaşynyň utanmagy, ýoldaşy doýmasa-da, iýmegini bes etmegi mümkin.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR