Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Alem içre at gezer» atly eserinde atasy Anna Gök baý oglunyň «Akyl sandyklary» hazynasyndan käbir pikir-parasatlary:

– adamyň başarnygyny onuň eden, bitiren bir işindenem bilip bolar, häsiýetini welin köp ýyllaryň dowamynda hem öwrenmek kyndyr;

– bir kişini uly meselelerde synagdan geçirip tanap bolmaz. Onuň hakyky häsiýeti özüne erk edip bilmeýän pursady, kiçijik işleri ýerine ýetirýän mahaly ýüze çykýar;

– husyt baý eli ýuka pukara adamdan has garypdyr. Onuň baýlygy onuň gysgançlygyny ýeňip bilmez. Aza kanagat etmegiň özi baýlykdyr. Husyt baýa öz baýlygyndan ony ýitirmek gorkusy has köp berilýär;

– ýalňyşmaýan adam akylly däldir, ýalňyşyny gaýtalamaýan adam akyllydyr;

– senden gorkýan adamdan gork. Gorkýan bolsaň – aýtma, aýdan bolsaň gorkma. Biziň gorkymyz duşmanlarymyzyň batyrlygynyň gözbaşydyr;

– ogry içerde bolsa, gulpdan ne peýda;

– ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är gögär;

– sebäbini ýok etseň, kesel ýanyňa gelmez...