Dünýäde iň gadymy hasaplanylýan ak bugdaý we iň süýji gawunlar biziň şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilipdir, olaryň ussatlygy we zähmetsöýerligi biziň üçin nusgadyr.
***
Ähli döwürlerde-de türkmenler tejribeli bakjaçylar we bagbanlar hasaplanylypdyr. Her bir obada, her bir guýynyň ýa-da çeşmäniň golaýynda mümkin boldugyndan bakja önümleri ýetişdirilipdir. Gawunlary ýetişdirmegiň dürli usullary ulanylypdyr. Mysal üçin, çölde gawunyň çigidi ýandagyň kesilen baldagynyň içine ýerleşdirilipdir. Onlarça metr çuňluga uzalyp gidýän ýandagyň kökleri ýerasty suwlaryň yzgary bilen diňe bir özüni däl, eýsem bakja ekinleriniň tohumlaryny hem iýmitlendiripdir. Hazarýaka türkmenleri hem deňziň kenaryndaky düme ýerlerde şeýle usul bilen gawun-garpyz ýetişdiripdirler.
Çörek bilen iýlen gawunlar iýmit hökmünde Kabul edilipdir, garpyz bolsa teşneligi gandyrmak üçin iýlipdir. Gawun adamyň ömrüni uzaldýan jadyly güýje eýe diýlip hasaplanylypdyr. Bu hakykatdan hem şeýledir. Gadymy tebipler aterosklerozy, iýmit siňdiriş organlaryny, böwrek kesellerini we şuňa meňzeşleri bejermekde gawun iýmegi maslahat beripdirler. Gawun witaminlere we mikroelementlere baýdyr. Baryp XI asyrda Ibn Sina gawunyň böwrekden we siýdikhaltadan daşlary çykarmaga ukyplydygy barada ýazypdyr.
Türkmenistanda gawunlaryň 1000-e golaý sorty bar. Olar Gazagystanda, Özbegistanda, Eýranda we Owganystanda üstünlikli ösdürilip ýetişdirilýär. Örän kiçi (mysal üçin, almanyň ululygyndaky «ysly mazy») we has uly «myhmansowar» (10 kilograma çenli), «garagotur» (15-16 kilograma çenli) gawunlary ýetişdirilýär.
Orta asyrlarda ýaşan awtorlar hem gawunlar barada ýazypdyrlar. Häzirki güne çenli şol gawunlaryň onlarça gadymy sortlary saklanyp galypdyr. Olaryň arasynda «aşşak», «bareng», «gant gawun», «palak» («şekerpalak»), «suwhany», «haşta», «zamça», «hytaýy», «waharman», «gülaby», «paýendeki» we beýlekiler bar.
Bişýän wagty, köpçülikleýin ýetişýän döwri we ulanylyşy boýunça gawunlar 4 sany möwsümleýin topara bölünýär. Birinji topara tiz bişýän, 65-70 günüň dowamynda ýetişýän gawunlar degişlidir. Olaryň arasynda «hendelek», «zamça», «zamy», «mazy», «azgyn», «garpyz gawun», «karam», «ternek», «kyrkgünlük» we beýlekiler bar.
Ikinji topar 75-100 günüň dowamynda bişýän tomusky gawunlardan ybaratdyr. Olar türkmen gawunlarynyň ähli sortlarynyň esasy bölegini tutýar. Şol gawunlar örän datly tagamy, ýumşak we şireli eti bilen tapawutlanýarlar. Olara «emiri», «waharman», «gökçe», «babaşyh», «hytaýy», «patdagan», «akbişek», «aksüýt gawun», «akgaş», «akmaral», «gantgawun», «gotur gawun», «şagawun», «şekerpalak», «egrisapak», «peýneki» we beýleki sortlar degişlidir.
Üçünji topara 95-100 günüň dowamynda bişýän güýzki-gyşky gawunlar girýär. Hut şol gawunlar halkara sergilerinde medallaryň iň köpüsine mynasyp bolýarlar. Olara «gülaby», «zard», «garrygyz», «gürbek», «paýendeki», «koýbaş», «gara gawun», «injir gawun», «sarygyz» we beýlekiler degişlidir.
Dördünji topar 100-200 günüň dowamynda bişýän gyşky gawunlardan ybaratdyr. Bu gawunlary uzak wagtlap saklap bolýar. Olar tagamy boýunça tomusky gawunlardan tapawutlanýar. Olara «gara gotur», «bişek», «alma gülaby», «akgaş» ýaly sortlar we beýlekiler degişlidir.
Türkmenler gawuny diňe bir çig görnüşinde iýmeýärler, eýsem olaryň etini diliklere bölüp, garpyzyň suwuna batyryp alýarlar we guradýarlar. Ondan ajaýyp önüm bolan «kak» alynýar. Gawundan «sök» («garagurt») diýen örän süýji nygmat hem taýýarlanylýar: gawunyň eti gaýnadylyp sowadylandan soň, oňa gowurmyşlanan bugdaý ununy goşýarlar. Alnan goýaltmany togalaýarlar we günüň aşagynda guradýarlar.
***
Güýzde üzümiň, ir-iýmişleriň we bakja önümleriniň ýetişmeginiň şanyna agaçlaryň kölegesinde, akar suwly ýaplaryň gyrasynda «uly toý» baýramçylygy geçirilipdir. Onda tagamlar bolluk bilen bişirilipdir. Uly toýlar ähli obalarda geçirilipdir, ýöne bir günde däl-de, adamlaryň birek-biregiňkä myhmançylyga baryp bilmegi üçin dürli günlerde geçirilipdir. Gije ýatmak üçin adamlar öýlere (5-10 adamdan) paýlanypdyr. Bol hasyl getiren bakjanyň eýesi üç gezek dokuz-dokuzdan, ýagny 27 gawuny ýolup, obadaşlaryna ýa-da islendik ötegçä olardan hödür etmeli bolupdyr. Bu gawunlar Babadaýhanyň özüniňki hasaplanypdyr.
Beýleki bir däp, goşa biten gawunlar bilen baglanyşyklydyr. Şeýle «Hydyr gören» gawunyň eýesi adaty gawunlaryň dokuzysyny onuň üstüne goşup, özüniň gurply goňşularynyň birine eltip beripdir. Ol guzy soýup, Babadaýhanyň hormatyna hödür-kerem etmäge borçly bolupdyr. Käte goşa biten gawun getirilip berlen adam üstüne ýene-de dokuz gawun goşup, ony has uly sowgat almak üçin özünden hem baý obadaşyna äkidip beripdir. Getirilen gawunlaryň ählisi iýilse-de, goşa biten gawuny hiç bir ýagdaýda kesmek bolmandyr. Ony öýüň görnükli ýerinden asyp goýup, onuň garyplykdan goraýandygyna ynanypdyrlar.
***
«Erigi şänigi bilen, gawuny paçagy bilen, eti süňki bilen, balygy kellesi bilen iý», «Gawuna gyzgyn çörek, sogana – sowuk» – bu halk nakyllarynda türkmenleriň ähli döwürlerde oňa aýratyn hil häsiýetini beren, öz milli desserhanyna girizen aşhanaçylyk sungatynyň örän inçe duýgurlyk düşünjesi beýan edilipdir.