- Türkmenistan dürli medeniýetleri birleşdiren medeni we ruhy galkynyşlaryň gadymy mekanydyr.
- Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Munuň özi ösen türkmen medeniýetiniň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetine täsir etmegine şert döredipdir. Şol bir wagtyň özünde dünýä halklarynyň medeniýeti hem türkmeniň medeni mirasynyň has baýlaşmagyna täsir edendir.
- Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürlerinden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkdyr.
- Türkmenistan — Änew, Altyndepe, Margiana, Ürgenç, Maşat-Misserian, Sarahs, Farawa, Şährislam, Şähribossan, Amul, Namazgadepe, Abywerd, Nusaý we köpsanly beýleki ýadygärlikler ýaly, dünýä ylmynyň üns merkezinde duran, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe arhitektura we arheologiýa ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir.
- Gadymy Marguş, Parfiýa, Garahanly, Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç türkmenleriniň döwletleriniň gülläp ösen döwründe ata-babalarymyz ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gaýtalanmajak nusgalaryny dünýä bagyş etdi.
- Ýurdumyzda häzirki döwürde medeni maksatly binalar köp gurulýar. Şeýle ymaratlarda zähmet çekýän medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijiligi barha kämilleşýär. Olarda eşretli ýurdumyzda milli binagärligi ösdürmäge, gurulýan binalary öz ylhamyndan dörän ajaýyp eserleri bilen bezemäge örän giň mümkinçilikler bardyr.
- Taryhy-medeni geçmişe, beýik alymlarymyzyň gymmatly miraslaryna ähmiýetli garaýyş biziň döwlet syýasatymyzyň hemişe ileri tutulýan ugrydyr.
- Her bir halkyň öz milli özboluşlylygyny, keşbini suratlandyrýan milli medeni mirasy, umumadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine itergi beren gymmatly taglymatlary, röwşen pikirleri, ajaýyp pelsepeleri bolýar. Hut şu nukdaýnazardan, biz bütin adamzadyň ruhy gymmatlyklaryna hormat goýýarys we şol esasda-da hakykaty, haýry dabaralandyrýan, halklary ysnyşdyrýan medeniýetleriň ýakynlaşmagy ugrunda çalyşmalydyrys.
Medeni miras
Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» eserinde medeniýet we sungat barada aýdanlaryndan
27 Iýun 2022
5890