Watan hakyndaky rowaýatlarda gerçekleriň edermenligi, gaýratlylygy wasp edilýär. Adamyň ömürboýy gazanan baýlygy – tälim-terbiýesi, akyl-paýhasy, ukyp-başarnygy, hünäri onuň Watan gymmatlygy babatdaky garaýyşlarynda ýüze çykýar. Bu tymsaly mekdep ýyllarymyzda mugallymlarymyzyň biri gürrüň beripdi.
Bir edermen gerçek goňşy oba duşmanyň gelenini eşidýär-de, bedewine atlanýar. Duşman bu gün goňşyňa gelen bolsa, ertir golaý-goltumdaky beýleki obalara-da geler, ilaty horlar. Şu pikir hem ýigidiň serinde çykmaýar. Ol duşman bilen batyrgaý söweşýär, ahyrynda hem ýeňiş gazanýarlar. Betpälleri yzyna serpikdirýärler. Ýöne ýigit agyr ýaralanýar. Obasyna gelýär, onuň tenindäki tyg ýarasyna tebipler em baryny edýärler. Gerçek welin aýňalyp bilmeýär.
- Pelek işidir. Men pany bilen hoşlaşmaly bolsam, oglumy ýanyna bir gysym Watan topragyny düwünçege sal-da, kerwenlere goşup goýbergin. Ol batyrgaýlygy, gerçekligi, mert söweşmegi öwrensin. Goý, ýurdumyzdan uzaga gidip, güýjüni, edermenligini synap görsün. Uzak illerde başyňy çarap, batyrlygyňy görkezmek aňsat däldir – diýip, aýalyna sargyt edipdir.
Hawa, soň şol gerçek aradan çykýar. Gelni hem aýdyşy ýaly, ogluny mertlik tälimini öwrenmek üçin uzak ile ugradýar. Oňa:
- Sag gidip, aman gel. Şu gysym topragy ýanyňdan aýyrmagyň – diýip, äriniň öwredişi ýaly bir gysym topragy hem ogluna berip goýberýär.
Bu oglanyň ýoly bikärleriň üstünden düşýär. Olar, ynha görseler, bir ýaş oglan, torbasynda hem ullakan gyzyl düwünçek bar. Olaryň gözüne ol tylladan doly, baýlyk bolup görünýär.
- Getir torbaňy, onda näme bardygyny görkez? – diýip, hemle urup, onuň arkasyndaky torba topulýarlar.
Oglan her näçe çytraşsa-da, olar bilen güýji deň geljek däl!
- Bu näme? – diýip, olaryň ekabyry gahar bilen düwünçegi oglanyň elinden alýar.
Ondaky «baýlyk» pikir edişleri ýaly bolmansoň, ýarylara gelen bikärler düwünçekdäki topragyň manysyny soraýarlar. Şonda oglan ýanyna Watan topragyny alyp ýola düşmeginiň sebäbini bolşy ýaly gürrüň berýär-de:
- Siziň üçin ol ýönekeý gumdur. Meniň üçin bolsa, janymdanam gymmatlydyr. Baş maksadym şol topragy goramakdyr – diýip, pert gepleýär.