Ylym ýagşy adama-da, ýaman adama-da berlip biler. Emma akyldarlyk, danalyk diňe Allanyň söýen ynsanlaryna berilýändir.
* * *
Bir işiň başyna barmazdan öň akyl bilen aýşy-eşretiň tapawudy hakynda ýagşy pikir et! Akyl ynsany haýyr işlere gönükdirer. Aýşy-eşretiň soňy bolsa pyssy-pyjurlykdyr we masgaraçylykdyr.
* * *
Samsyk, nadan adam eşidenine ynanyp, gahar-gazaba jylawyny berýändir we oňa tabyn bolýandyr. Akylly, ylymly adam eşidenini ölçerip-döküp, diňe şondan soň herekete girýändir. Emma akylly adam nähili hereket etse-de, gahar-gazaba özüni aldyryp, şer işlere baş goşýan däldir.
* * *
Ýaşlygynda aýşy-eşrete we gahar-gazaba tabyn bolup, olara hyzmat eden ynsan, garrylyk çagynda eden işleriniň ejirini çeker. Ýaşlygynda alan lezzeti agyry we hassalyk görnüşde onuň bedenine gaýdyp geler.
Ýaşlygynda dana pikirlere we akyla hyzmat eden adam garran çagynda eden işleriniň hözirini görer. Ol özüniň akylyna eýerip, şer işlerden daşda durandygyna, adamlara başardygyndan haýyr-yhsan edendigine guwanyp rahat ýaşar we durmuşdan lezzet alar.
* * *
Ýeňiş gazanmak üçin diňe bir güýç-kuwwat ýeterlik däldir. Güýç-kuwwatyňa akyl-paýhas ýaran bolsa, gysga wagtda we ýitgisiz ýeňiş gazanyp bolar.
* * *
Akyl haýyr-yhsan işleriň çeşmesidir. Ynsan akylyna we düşünjesine daýanyp, şer işlerden daşda durup, haýyr-yhsan işleriň başyny tutýandyr. Aňly diýip, agy-garany saýgaryp bilýän adama diýilýändir. Erbet işleri edýän adam hem akylly bolup biler. Emma olara akylly diýmän, mekir ýa-da hilegär diýilýändir.
* * *
Akylly adam diňe özüniň akylynyň bardygyna we akyla nädip ýetendigine doly göz ýetirende, akyldan ýokarda nämeleriň bardygyna göz ýetirer.
* * *
Wagyz-nesihaty diňlemän, halkyň urp-adatyndan, özüňe ýakyn we akylly adamlardan daşlaşmak iň uly ýalňyşlyklaryň biridir.
* * *
Akylly adam özüniň güýjünden artyk gazanja kowalaşmaly däldir we kimdir birine hyzmat etse-de, öz häsiýetine meňzeş adama hyzmat etmelidir.
* * *
Bedeni kuwwatly adam güýçli däl-de, akylly, ylymly adam güýçlüdir.
* * *
Akyl bilen aýşy-eşrediň tapawudy – akyl wagty saňa tabyn eder, aýşy-eşret bolsa seni wagta tabyn eder.
* * *
Akylly adam özüne dost tutunmalydyr we çaganyň ýaşlygyndan terbiýelenişi kimin ýa-da ýaňy düýp tutan nahalyň idedilişi kimin, ony diňe ýagşy işlere gönükdürmelidir. Ýaşlygynda ýagşy terbiýe alan çaga ene-atasyna hormat goýar, ýaşlygynda idegi gowy bolan nahal soňra süýji miwe berer.
* * *
Akylyň iň ýokarky gatlagy syýasatdyr.
* * *
Ynsany şer işlerden saklaýan zatlaryň biri onuň utanjydyr. Utanç akylyň haýyr bilen şeriň soňky akybetini ölçerip çykarýan netijesidir. Ol ynsanyň daşyna örtülen örtük kimindir. Haçanda ol utanjyndan daşlaşsa, haýyr işleri goýup, şeri özüne ýaran tutunar.