HALALLYK

Abdylla ibn Mübärek hezretleri söweşe ugramazynyň öňüsyrasynda bedewine atlanjak bolup duran eken. Birdenkä ol öz malynyň goňşy atyzdan bir agyz maýsa iýenine gözi kaklyşypdyr. Ol: «Watan goragy mukaddes zatdyr. Beýle mukaddeslige ugrajak bolup durkam, her zadymyň halallygy wajyp. Men bu maly şol goňşyma sowgat bersem, halalladygym bolar» diýipdir we pikir edişi ýaly hem ýerine ýetiripdir. Alym watansöýüjiligi iň mukaddes duýgy hasaplap, Watana dahylly bir iş etjek bolsa süňňüniň we köňlüniň hemişe halal, arassa bolmagyny ileri tutupdyr.

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 283 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 262 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY

19 Noýabr 2025 | 518 okalan

GYZ EDEBI — IL EDEBI (DÖWÜR WE TERBIÝE)