Türkmenler – merdana halk. Türkmenler–başarjaň we maksada okgunly halk. Türkmenler – agzybir halk. Kakam bularyň her biri hakda ygtybarly taryhy maglumatlara esaslanyp, gyzykdyryp gürrüň bererdi. Şonuň üçin her gezek kakamy üns berip diňlänimden soň, wagt tapdygym, özüme ündelen zatlary birin-birin belläp alardym. Şeýtmek bilen hem ol paýhaslary ýadymda saklardym, hem ýazmak endigimi kämilleşdirerdim. Düşünjämi baýlaşdyrardym. Mähriban kyblamyň sözlerinden ylhamlanyp belläp alan ýazgylarymy paýlaşasym gelýär. Nesillerde watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek we bu zatlaryň gymmatyny düşündirmek üçin şu paýhaslara eýermek ählimize wajypdyr:
1. Türkmen halky ezelden ýalkanan, beýik, ylymly we medeniýetli, merdana, başarjaň we maksada okgunly, agzybir halkdyr. Beýik bolup ýaşamak biziň ykbalymyzdyr. Bu berkarar döwletimize ata‑babalarymyzyň, keramatly pirlerimiziň, akyldar‑danalarymyzyň ak patasy, arzuwy siňendir. Biziň öňümizde has ajaýyp geljek bar!
2. Çaga dünýä inende gulagyna aýdylan azandan soňra, eneleriň hüwdüsi bilen eşidýän ähli zadynda diňe mertlik, gaýratlylyk, dogumlylyk, batyrlyk, watansöýüjilik, il derdine ýaramak ýaly ýene birnäçe ýagşy häsiýetler hakdaky heňlerden, owazlardan, pähimli sözlerden gulagy gansyn. Çaganyň özüni alyp barşy, ruhy-psihologik ýagdaýy şol terbiýe bilen kemala gelýär. Şonuň üçin türkmenleriň uly-kiçi ählisinde bu häsiýet kämil derejede ornaşmalydyr.
3. Watana bolan söýgi – ähli gowy duýgularyň gönezligi. Ynsany erkin ýaşadýan we bagtly edýän, gursaklarda ýaşaýyş-durmuş umydyny alawlandyrýan, ösüşlere we barha belentliklere ymtylmagyna itergi berýän zat Watan söýgüsidir. Aslynda, her bir gözelligiň we durmuşyň asyl manysyna çuňňur düşünmek üçinem, ilki bilen, Watan söýgüsi gerek.
4. Watandan aýry ykbalymyz ýok. Halkyň ykbaly sahypasy tükenmeýän bir eser bolsa, her täze nesil onuň täze sahypalaryny öz döwrüniň beýik wakalary bilen doldurýar. Şeýdibem, halk we hakyda kitaby galňap gidiberýär.
5. Watan söýgüsiniň kemala gelmegi üçin bolsa her bir raýat Watanyň gymmatyna düşünmeli, onuň taryhy geçmişini bilmeli. Ata-babalarymyzyň döreden her bir uly eserinde ýurt, Watan küýsegi çeper suratlandyrylýar. Goý, ol bir şahyryň döreden goşgusy ýa kyssasy bolsun, halkyň döreden eposy ýa dessany bolsun, elmydama il-ýurt, dogduk Diýar, Watan küýsegi ýokarda goýulýar. Olaryň ählisinde hakyky bagt öz Diýaryňda, öz iliňde tapylýar. Nähilidir bir gowy zady başga ýerlerden tapmak
nesibesinde bolsa-da, ony öz ýany bilen Watanyna, iline alyp gelýär. Her bir eser aňyň önümi. Türkmeniň terbiýesi, düşünjesi, aňy şeýle kemala gelen. Watan hakda söz açylanda, her bir taryhy waka aýratyn terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Watan hakdaky ýatlamalar hiç wagt könelişmeýär.
6. Ata-baba arassa ýoly dessura öwren türkmen üçin ata-ene, Watan, döwlet, agzybirlik ýaly zatlar mukaddesdir. Ýaradandan gije-gündiz, öýde-ýolda edilýän dileg-dogalaryň özeninde hem, ilki bilen, şular: ene-atalara merhemet, ýurt asudalygy, il agzybirligi, berkarar döwlet ýatlanylýar. Hatda öten asyrlaryň meşhur akyldarlary we alymlary dileg-dogalaryňyzyň, arzuwlaryňyzyň we maksatlaryňyzyň hasyl bolmagy üçin, ilki bilen, şulary dilemelidigi, islemelidigi hakdaky pikiri öňe sürýär. Ýürekden çykýan alkyşlar ýerine düşüp,arzuwlar hasyl bolýar.
7. Bizde dünýäniň adamlar tarapyndan saýlanyp-seçilen ýedi täsinliginiň hiç biri ýok, emma biziň topragymyzda dünýä alymlarynyň, jahankeşdeleriniň, syýahatçylarynyň we syýasatçylarynyň ünsüni özüne çekip bilýän gudrat bar. Şol gudraty döwrüne we geljegine buýsanýan agzybir il döredip bilýär. Çünki agzybirligiň, arkalaşygyň, birek-birege bolan ynamyň we söýginiň bar ýerinde bitmän galýan iş ýok. Köne rowaýatlarda ynsanyň jany bilen birlikde onuň göwresine sazyň hem salnandygy aýdylýar. Türkmeniň ganyna bir owuç Watan söýgüsi hem garylan ýaly bolup dur. Şonuň üçin hem türkmeniň watansöýüjiligi öten zamanlaryň taryhçylaryny, şahyrlaryny ýöne ýere haýran eden däldir.
8. Ösüş, özgeriş, galkynyş, döredijilikli çemeleşmeler–döwrümize, döwletimize mahsus aýratynlyk. Bu zamana taryha siňen ebedi ýazgylarda, ezeli wakalarda, arzuwly ertekilerde ýatlanylýan, arzuwlaryň hasyl bolýan we bagtly döwrany Hakdan berlen, gowy geljegi öňünden buşlanylan döwürdir.
9. Türkmen özüniň iň bagtly günlerini döwran hasaplaýar. Ýöne nirede gezse-de, haýsy yklymda ýük ýazdyrsa-da, serinde Watan hyýaly at salýan türkmen üçin bagt hem, döwran hem öz ilinde. Gönençlik hem, gowulyk hem öz döwletinde. Şonuň üçin pederlerimiz hakyky bagtyýarlygyň – döwletli döwrandygyny öwran-öwran nygtapdyrlar. «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol» diýen ýörelgä eýerip, bu durmuş hakykatyny nesilleriň aňyna guýupdyrlar. Her zaman bir döwürdir, emma bu hakykat üýtgewsizdir.
10. Taryhyň tejribesini özünde jemleýän we ony öz kämilligi bilen utgaşdyryp, nesilleri terbiýeleýän döwür beýik döwürdir.
11. Aslynyň beýikdigi, şöhratlydygy adamyň buýsanjyny, ynamyny oýarýan zatlaryň biri. Özüňi ruhubelent, maksada okgunly duýmak we geljege ynamly garamak üçin milli buýsanjyň täsiri uludyr.
12. Ata-babalarymyzyň Watan baradaky yhlasyna halal zähmeti, yhlasy, erjelligi, maksada okgunlylygy, wepalylygy bilen jogap bermek nesillere hökmany borç hem-de mertebe bolup durýar.
13. Watan söýgüsini ýüreginde saklaýan, ilini‑gününi söýüp-sylaýan her bir raýat bu döwletiň neslidigine juda buýsanmalydyr.
14. Hadyslaryň birinde şeýle diýilýär: Watanyňy söýmek imandandyr.
15. Gadymdan gelýän şeýle hikmet bar: «Eger bir adamynyň wepalylygyny, sözünde tapylýandygyny, ýagşy gylyk-häsiýetlidigini, asyllydygyny bilmek isleseň, onda onuň Watanyny küýseýşine, Watana bolan söýgüsine seret. Eger ol adam öz dogduk ilini, dogan-gardaşyny göresi gelýän bolsa, özüniň taryhyna buýsanýan bolsa, onda bilgil, ol adam hakyky wepaly, kerem-ahlakly adamdyr».
16. Şöhratly aslymyza buýsanyp, ertire ynamly gadam urmak üçin halkymyzyň taryhyny öwrenmek döwrüň wajyp meseleleriniň biri. Dürli eýýamlarda dünýä halklaryny medeniýet sallançagynda üwrän türkmen halkynyň baý we çuňňur taryhy bar. Bu ýagdaý magnitiň demri özüne çekişi ýaly, dünýä medeniýetini, taryhyny öwreniji alymlary halkymyzyň geçmiş mirasyny, gelip çykyşyny öwrenmäge kökerip dur.
17. Bu zamana diňe bir şahyryň, bir nesliň däl, Nuh kowumyndan bäri ady dillere dessan bolan türkmeniň ata-babalarynyň hasyl bolan arzuwydyr. Atalaryň arzuwy siňen Diýarymyzyň we döwletimiziň aýratynlyklary we artykmaçlyklary juda köp. Bizde berkarar döwlet bar. Bizde agzybirlik bar. Bizde bedew batly ösüş bar. Bizde döwletiň we raýatyň hak-hukugyny kepillendirýän dünýädäki iň ynsanperwer kanunlaryň hatarynda tanalýan Esasy Kanunymyz bar. Bizde ösüşiň täze belentliklerine barýan ýoly aýdyň maksatlar we üstünlikler bilen dowam etdirjek giň düşünjeli, maksada okgunly nesil bar. Bagtly ýaşamak üçin mümkin bolan ähli zat bar. Özi-de bularyň ählisi kanun tarapyndan kepillendirilendir. «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.
Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. Her bir raýat öz üstüne Konstitusiýanyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir».
18. Hezreti Omar Watan hakynda şeýle diýýär: «Allatagala ýurtlaryň ömrüni Watany söýmek bilen uzak etdi. Adamlar Watanlaryny näçe söýse we yhlas bilen gulluk etse, şonça-da ýurt berkarar bolup, döwran sürmegini dowam etdirýär. Şeýle-de enäniň saň beren ak süýdi üçin hakynyň bolşy ýaly, Topragyň hem watanlyk haky bardyr. Topragyňy Watan edinip, söýüp ýaşamak wajypdyr».
19. Iň beýik we sazlaşykly ýaňlanýan mukam sesiň halkyň sesi bilen deň çykmagydyr.
20. Watan mukaddesligi, watansöýüjilik hakda atalarymyzyň aýdan paýhasly sözi bar: türkmen dilinde gürleýän, türkmen milli lybasyny geýinýän her bir adamyň türkmen boldugy däldir, bu topragy söýýän adam türkmendir..
21. Biz öz başarnygymyz, ukyp-zehinimiz, döredijilik dünýämiz, zähmete werziş bolan ellerimiz bilen Watanymyzyň hyzmatynda. Oýnap ýören çagajyklaryň gülküsem, gulpaklyja gyzjagazlaryň tansam, okuwçylaryň öwrenýän sapagy, talyplaryň özleşdirýän dersi – bularyň ählisi Watana berilmekdir. Şeýle zatlaryň üsti bilen Watan öz barlygyny düzýär, bakylygyny gazanýar.
22. Watana bolan söýgi – bu türkmen topragyna, däp-dessurlaryna, halkyň mukaddesliklerine, bu topragy söýýän her bir ynsana – ene-atalarymyza, dogan-jigilerimize, aga-uýalarymyza, düýnümize, şu günümize we geljegimize bolan söýgüdir, hormat‑sylagdyr.
23. Atalarymyz howanyň ýagdaýyna, ýagyn-ýagmyryň sepeleýşine seredip, ýylyň gallasynyň bereketli boljakdygyny öňünden aýdýarlar. Döwrüň ýagdaýyna, zamananyň ruhuna, howasyna seredip, watansöýüjilik ýagmyryndan ganan ýaşlaryň şeýle bereketli, döwletli we umyt ödeýji nesil bolup ýetişjekdigine şübhe bolup bilmez. Çünki bahar nirä barsa, şol ýere öz gözelligini çaýýar. Watançylyk terbiýesi bilen kemala gelen nesiller Watan berkararlygynyň kepili we zynatydyr.