TÜMLÜGE GÖZÜŇ ÖWRENIŞSE

Günleriň birinde Abdylla ibn Mübärek şägirtleriniň biri bilen uzak ýola sapara çykypdyr. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşyberende, gije ýol ýöremegi uslyp bilmän, golaý-goltumdaky bir guýynyň ýanynda goş ýazdyrypdyrlar. Olaryň biri ylym ýüki ýetik dana, beýlekisi ýaňy bu ýola düşen şägirt. Olaryň arasyndaky her bir söz, pikir, garaýyş durşuna paýhasa ýugrulan eken. Bimany ýa-da howaýy jümleler olara düýbünden ýat zat bolupdyr. Agşamlyk edinensoňlar şägirdi Abdylla ibn Mübärege: «Köpräk eglenseň, garaňkylyga hem gözüň öwrenişýän eken, hemme zady aýyl-saýyl görüp bolýar» diýipdir. Halypasy bu sözleri başgaça äheň bilen dowam etdiripdir: «Hak söz, tümlükde uzak saklansaň, oňa-da gözüň öwrenişýär, emma garaňkylyk her bir zadyň diňe suduryny görkezýär, ap-aýdyň görkezmeýär. Barybir ýagtylyga taý geljek zat ýok, edil ylym bilen sowatsyzlyk ýaly, näçe köp okadygyňça, her zada aýdyň göz ýetirýärsiň. Eger-de diňe harp öwrenip, okap bilýäniňe kanagat edip otursaň, onda durmuşyň hem diňe suduryna düşünip bilersiň. Köp okamak, köp öwrenmek gerek» diýip, Abdylla ibn Mübärek jogap beripdir.

Rahmet GYLYJOW,

«Hallalyk kyssalary» kitabyndan.

Öňki makala

PYŞDYL

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 15 okalan

TÜMLÜGE GÖZÜŇ ÖWRENIŞSE

02 Awgust 2025 | 946 okalan

PYŞDYL

31 Iýul 2025 | 90 okalan

ARZUWLARYŇYZY AÝAP SAKLAŇ!