ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we “Türkmen atlary” döwlet birleşigi milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimizi sanly ulgamda wagyz etmäge ýaşlary işjeň çekmek maksady bilen döredijilik bilen meşgullanýan ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ahalteke bedewimiz – milli buýsanjymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda uly tagallalar edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty giň äleme doldy. Durmuşyny atsyz göz öňüne getirip bilmedik türkmen halkynyň öz behişdi bedewlerine bolan söýgüsi çäksizdir. Türkmen behişdi bedewini uçar ganaty saýýar. Bu gün özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy döredijilik eserlerinde ýetirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda «XXI asyryň ösen şahsyýetini kemala getirmegiň esasy hökmünde halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemek» barada beren tabşyryklaryna esaslanyp, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň milli taryhy gymmatlyklarymyz aýratyn hem ahalteke bedewlerimiz baradaky garaýyşlaryny kämilleşdirmek, döredijilige höwesli talyp ýaşlaryň bu ugurda ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, olary türkmen halkynyň milli mirasyny sanly ulgamda wagyz etmäge işjeň çekmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda «Ahalteke bedewimiz – milli buýsanjymyz» atly makala ýazmak boýunça bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň düzgünleri we şertleri:
- Bäsleşige ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler.
- Bäsleşige gatnaşyjylar halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň özboluşly häsiýetini, gözelligini, ýyndamlygyny açyp görkezýän makalalary taýýarlamaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «tmygmg.halkarabolum@sanly.tm» elektron poçta bukjasyna 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli ugratmaly.
- ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bellenen wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen eminler tarapyndan talabalaýyk hasaplanan makalalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynyň «TÜRKMENISTAN-ÝUNESKO» sahypasynda şöhlelendiriler.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
- «Ahalteke bedewimiz – milli buýsanjymyz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ikinji ongünliginde jemlener.
- Bäsleşigiň ýeňijilerini eminler topary kesgitlär.
- Bäsleşik we onuň Düzgünnamasy www.yashlar.gov.tm resmi internet web saýtynda ýerleşdirilen gününden başlap güýje girýär.
- Bäsleşigiň ýeňijileri ony gurnaýjylar tarapyndan ýörite Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglanarlar. Işjeň gatnaşan ýaşlara höweslendiriji sowgatlar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin:
E-poçtamyz: tmygmg.halkarabolum@sanly.tm
Telefon belgimiz: 44-88-81, 44-88-68.