Türkmenistan – ÝUNESKO: geçmişden geljege uzan ýollar

Türkmenistanyň gadymy, örän baý, taryhy we tejribeli topragy bardyr. Altynsow çägeli Garagumy ýakalap oturan türkmen topragy has irki asyrlardan bäri bütindünýä bellidir. Çünki, köp döwletleriň ykbaly türkmeniň taryha baý topraklary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Eýran, Owganystan, Hindistan, Türkiýe Respublikasy şeýle hem, sebitdäki goňşy döwletler galyberse-de, Rim Imperiýasy, Ýewropa döwletleri, hat-da Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna çenli Türkmenistanyň has irki asyrlardaky gatnaşyklary ösdürmegi dowam edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda hem döwletimiz uly srategik ähmiýete eýe bolan döwlet bolmak bilen onuň ugrunda hereket eden kerwenler üçin amatly, ygtybarly, howpsuz ýagdaýda hereket etmegini üpjün eden geçelge hökmünde hyzmat edipdir. Elbetde bu hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanyň çäginde birnäçe ajaýyp binalar, desgalar döräpdir. Dürli galalar, köşkler, administratiw merkezler, kerwensaraýlar döräp, olar häzirki wagtda bize ýurdumyzyň taryhynyň janly şaýady bolup hyzmat edýär. Asyrlar geçip, şu güne ýetip gelen türkmeniň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary sanardan köpdür, şeýle ýadygärlikleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde dälde, eýsem, olary milli baýlykdan bütinadamzat mirasyna, milli görnüşden halkara görnüşe öwürmekde ÝUNESKO bilen ýurdumyzyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk iň ygtybarly hyzmatdaşlyk bolup durýar. Bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ilkinji nobatda onuň medeni, taryhy, tebigy gymmatlyklary goramak boýunça dürli ugurly konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulmak hem-de tassyklamak arkaly alnyp barylýar. Netije-de, bu halkara gurama bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň hukuk binýadyny döredýän konwensiýalar ilkinji nobatda ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistan tarapyndan hödürlenýän taryhy hem-de medeni ýadygärliklerimiziň goraglylygyny artdyrýar, olaryň bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilip, olar baradaky ylmy, publisistik işleriň göwrüminiň has hem giňemegine itergi berýär.

1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň iň bir naýbaşy konwensiýalarynyň biri bolan “Maddy hem-de tebigy mirasy goramak” baradaky konwensiýasyna goşuldy. Netije-de, köp wagt geçmezden emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň barşynda, Türkmenistandan 1999-njy ýylda ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde “Gadymy Merw”, 2005-nji ýylda “Köneürgenç”, 2007-nji ýylda “Nusaýyň Parfiýa galalary” ýaly taryhy medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem 2011-nji ýylda ýurdumyz ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak” baradaky ýene-de bir möhüm konwensiýasyna goşuldy we türkmen halkynyň “Görogly” şadessany, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Elbetde, bu görkezijiler gysga wagtyň içindäki uly ýeňiş bolup, şol bir wagtyň özünde biziň döwletimiziň öňünde alnyp barylýan köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde has işjeň we täze ugurlary açmak we netijeli işleri ýola goýmagy talap edýär. Häzirki wagta çenli Türkmenistan ÝUNESKO-nyň bilim, ylym, medeniýet we daşky gyrşawy goramak ýaly dürli ugurlardaky jemi 12 sany konwensiýasyna goşuldy we olary durmuşa geçirmekde gurama ýakyndan ýardam berýän işjeň döwletleriň biri bolup çykyş edýär. Ikitaraplaýyn diplomatiýany has hem ygtybarly ösdürmekde ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň barşynda bolup geçen syýasy, medeni wakalaryň hem uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçmek zerurdyr.

    Häzirki wagtda ýurdumyz ÝUNESKO-nyň Okeanlar boýunça hökümetara toparynyň Komitetiniň hem-de Bedenterbiýe we sport hökümetara Komitetiniň agzasy bolup durýar. Galybersede, Bitarap Türkmenistan ÝUNESKO bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde öňe süren “Beýik Ýüpek ýoly” atly uly taslamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu taslamanyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitindäki Almata şäherinde ýerleşen Klasster býurosy, Tähran şäherinde ýerleşen ýörite edarasy bilen bilelikde hyzmatdaşlygy ösdürýär. Taslamanyň çäklerinde Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşen gadymy Akjagala kerwensaraýyny gaýtadan dikeltmek babatda hem işler geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berýän miweleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan we Garagum geçelgesiniň şahalaryny üçtaraplaýyn işlenen taslama esasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna goşmak barada düýpli teklipler işlenilip düzüldi. Köptaraplaýyn hödürnama üç döwletiň Medeniýet ministrlikleri tarapyndan degişli tertipde gol çekildi we onuň esasynda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

   Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary esasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary döredildi. Bu toparyň ýörite Düzgünnamasynyň kabul edilmegi bilen bir hatarda onuň täze düzümi tassyklandy. Şuňa laýyklykda, bu gurama bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has işjeňleşdirmek maksady bilen Milli toparyň ýörite iş dolandyryjy edarasy hökmünde Sekretariatyň hem ýerine ýetirmeli wezipeleri tassyklandy. Hormatly Prezidentimiziň ynamy bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogäpkär Sekretary wezipesine ýurdumyzyň medeni we ylmy diplomatiýasynyň ösmegine uly goşant goşýan Türkmenistanyň Gahrymany, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Täjiýewna Rüstemowanyň bellenilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly ynam bildirilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.

    ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň  BMG-nyň bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen dürli ugurly gatnaşyklary has giňeltmek, işjeňleşdirmek ýaly wezipeleri alyp barýar. Ýurdumyzyň dürli ministrlikleri,  guramalary we beýleki pudaklary bilen bilelikde Türkmenistanyň taryhy, tebigy ýadygärliklerini we gymmatlyklaryny goramak, dikeltmek bilen olary ÝUNESKO-nyň maddy hem-de maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak arkaly bütindünýä ýaýratmak ýaly işler Milli toparyň hem-de onyň Sekretariatynyň öňündäki ileri tutlulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şol sanda, esasy wezipeleriň biri hem ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky at-abraýyny has hem berkitmek, şol bir wagtyň özinde ýurdumyzyň bilim, ylym, medeniýet hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan beýleki ugurlary boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri  ÝUNESKO-nyň çäklerinde ösdürmekden ybaratdyr.

    Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler türkmen halkynyň baý taryhyny, onuň maddy we ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde  möhüm ähmiýete eýedir. Bu miras ýaşlary halkymyzyň asyrlar boýy sünnälän gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýeleýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklary medeniýetde, asudalykda, parahatçylykda, ynsanperwerlikde öz beýanyny, şöhlelenmesini tapýar. . Halkymyzyň bu gymmatlyklary, ýagny medeni mirasy ylmyň, bilimiň, terbiýäniň üsti bilen  nesilden-nesle geçip gelýär. Nesillere geçirijilik işi, esasan, milli mirasa aýawly çemeleşmek, olary ylmy taýdan ählitaraplaýyn öwrenmek, wagyz etmek, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak arkaly amal edilýär.

Hatyja DÖWLETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň  III ýyl talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar