ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ
MILLI TOPARYNYŇ SEKRETARIATY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
tarapyndan öňe sürlen «Dialog-parahatçylygyň kepili» diýlip
atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň
täze filosofiýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň
ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini
çuňlaşdyrmaga bagyşlanyp geçirilen
«DIALOG-PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI»
atly onlaýn maslahaty
Alyp baryjy: Ogulsabyr Berdiýewa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallym
Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty - halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” diýlip atlandyrylan halkara maslahatda eden çykyşynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly täze filosofiýasyny öňe sürdi. Dünýäniň halklarynyň parahatçylyk we ynanyşmak esasynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda, gymmatly ýörelgeleri, dünýägaraýyşlary we parahatçylygy saklamagyň hem-de höweslendirmegiň däplerini dikeltmekde halkara gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetiniň ählumumy berkarar bolmagynda, halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen Milli Liderimiziň bu ählumumy başlangyjy dessine tutuş dünýäde uly goldawa eýe boldy.
Arkadag Prezidentimiziň öňe süren täze parahatçylyk filosofiýasynyň ikitaraplaýyn we köpugurly halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça özara bähbitlere laýyk çögütleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çünki, Dialog-anyk kesgitlenen sagdyn syýasy ölçeglere, umumy ykrar edilen hem- de hemmelere düşnükli adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän gaýragoýulmasyz şert hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyryp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär hem-de adamzadyň wajyp meseleleriniň netijeli çözgütlerine saldamly goşant goşýar. Dünýäniň aglaba ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýörite edarasy bolan ÝUNESKO bilen ösdürilýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutýan“Dialog- parahatçylygyň kepili” diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky ählumumy başlangyjynyň ähmiýetini artdyrmak we giňden wagyz etmek maksady bilen 2022- nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde gurnamagynda hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hem-de birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly onlaýn arkaly maslahat geçirildi.
Türkmenistan döwletimiziň Parahatlyk ýoly bilen röwşen geljege tarap barýan döwründe ýurdumyzyň halkara giňişliginde barha abraýynyň ýokarlanmagy, Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilik syýasatynyň geriminiň giňeldilmegi ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu babatda bu täze pelsepäni wagyz etmäge giň ornuň berilmeginiň hem döwlet Baştutanymyzyň döwletli başlangyjyny has hem ilerletmekde mynasyp goşant bolandygyny bellemek bilen bu onlaýn maslahatda Milli Liderimiziň parahatçylyk senasynyň dünýäniň diregi bolan ynamy dikeltmäge çagyryşdygyny beýan edýän çykyşlary hödürleýäris.
«Dialog — parahatçylygyň kepili»
Çynar Rüstemowa
ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň Milli toparynyň
jogapkär sekretary,
filosofiýa ylymlarynyň kandidaty,
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň paýtagtynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahatda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz halklaryň arasynda parahatçylyk we özara ynanyşmak medeniýetini berkitmäge gönükdirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýany öňe sürdi.
Bu başlangyçda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyga, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşmeýilli erk-isleg we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde alyp barýan syýasaty jemlenendir.
Arkadag Prezidentimiziň öňe süren täze parahatçylyk filosofiýasynyň ikitaraplaýyn we köpugurly halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça özara bähbitlere laýyk çögütleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Çünki, Dialog -anyk kesgitlenen sagdyn syýasy ölçeglere, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän gaýragoýulmasyz şert hökmünde çykyş edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyryp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär hem-de adamzadyň wajyp meseleleriniň netijeli çözgütlerine saldamly goşant goşýar. Dünýäniň aglaba ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýörite edarasy bolan ÝUNESKO bilen ösdürilýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Bu gün Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyň ykrar edilen hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de berkitmekde, umumadamzat gymmatlyklaryny pugtalandyrmakda halkara bileleşigiň tagallalary bilen bilelikde sazlaşykly hereket edýär. Netijede, Döwlet Baştutanymyzyň döwrüň çylşyrymly we wajyp meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak boýunça bu guramalaryň çäginde öňe sürýän başlangyçlary, orta atýan teklipleri elmydama halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýar.
Häzirki wagtda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň halkara giňişliginde eýeleýän omy gitdigiçe giňeýär, çünki, bu täze parahatçylyk filosofiýasy geçirilýän halkara forumlarynda olara gatnaşýanlaryň aýratyn ünsüni çekýän meseleleriň birine öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Bu mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly başlangyjynyň sebitara hem-de halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde derwaýysdygy nygtaldy.
25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Milli Liderimiz sammitdäki çykyşynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini bu filosofiýany halkara durmuşyna netijeli ornaşdyrmakda hyzmatdaş we pikirdeş hasap edýändigini belledi.
28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Bu forumyň dowamynda hem Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjynyň Russiýa Federasiýasy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde tutýan omuna uly baha berildi.
Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäklerinde hem Milli Liderimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjynyň ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkarar etmekde syýasy we durmuş ähmiýetini wagyz etmek işleri giňden ýaýbaňlanýar. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan öňe sürlen we ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň Sekretariatynyň, Bilim ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň gatnaşmagynda meýilnamalaýyn esasda gurnalan çärelerde bu täze pelsepäni wagyz etmäge giň onuň berilmeginiň hem döwlet Baştutanymyzyň döwletli başlangyjyny has hem ilerletmekde mynasyp goşant bolandygyny bellemek zerur.
Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde başlap ýurdumyzyň içerki durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan birnäçe wakalar bolup geçdi.
Şu ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz bu Maslahatda eden çuňňur mazmunly çykyşynda halkymyzyň, şol sanda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň Türkmenistanyň daşary syýasatynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi arkaly bütin adamzat dünýäsiniň gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk ýörelgeleriniň giňeldilmegine, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende göterilmegine işjeň gatnaşjakdygyna uly ynam bildirdi we “Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir, biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirjilerdir. Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde bolsa ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur!” diýip belledi.
Bu uly ynam biziň hemmämizi, ylaýta-da talyp ýaşlarymyzy Ata Watanymyzyň ajaýyp gelejegini üpjün etmekde döwletimiziň, döwlet Baştutanymyzyň daşyna berk jebisleşip has hem netijeli zähmet çekmäge, düýpli okamaga, çuňňur bilim almaga borçlandyrýar we ruhlandyrýar. Bu uly ynamy ödemek üçin, ýaşlarymyzyň has hem gujur -gaýrat bilen hünär başarnyklaryny ele almagy, kämilleşdirmegi we hakyky watançylar bolup ýetişmegi zerurdyr.
Sözümi jemlemek bilen, men Hormatly Prezidentimize biziň her birimiziň erkana ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredip berýän ýokary derejeli iş şertleri, durmuş amatlyklary üçin tüýs ýürekden alkyşlarymy ýetirmek isleýärin.
Goý, parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak syýasaty arkaly halkara gatnaşyklaryna giň ýol açýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, mähriban
Watanymyzyň bütin ýer ýüzünde at-abraýyny beýgeltmek ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Parahatçylyk ýoly bilen röwşen geljege tarap
Maýsa Saryýewa
Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň
müdiriýetiniň başlygy
Täze 2022-nji ýyl biziň ýurdumyza öz mynasyp ady bilen geldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy». Türkmenistan täze eýýama gadam basýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylyň ilkinji günlerinden ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen işjeň gatnaşygynyň durnukly ulgamynyň kemala getirilmegi dowam etdirildi.Milli ykdysadyýetimiz yzygiderli pugtalandyrylýar, Ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, däp dessurlaryny we medeniýetini dikeltmek we dünýä ýüzüne wagyz etmek boýunça uly işler edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň geçen, asyrlara barabar ýolumyz taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ynamly ädimler bilen öňe barýan, uly üstünlikleri, beýik zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly, ösüşleriň täze belent sepgitlerini nazarlaýan ýurdumyzda mähriban halkymyz parahatçylykly şertlerde ýaşaýar, döredýär, gurýar. Döwletli-döwranly döwrümizde bagtyýar durmuşa buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde garşylaýar. Diýarymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň oňyn täsiri sebitde, umuman, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandy häzirki döwürde umumy ykrar edilendir, we onuň ähmiýeti günsaýyn artýar, ol hem - parahatçylyk ideýalaryny has hem çuňlaşdyrmakdyr. Döwlet Baştutanymyzyň hoşniýetli bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barmagy netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy has-da berkeýär. Geçen taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistan parahatçylykly ýol bilen, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak arkaly dünýä syýasatynda netijeli gatnaşyklaryň üsti bilen ýokary ösüşlere ýetip bolýandygyny subut etdi.Türkmen halkynyň dogruçyl, arassa, ygtybarly häsiýetiniň, parahatçylyga, dünýä halklary bilen dost-dogan bolup, ynanyşyp ýaşamaga mydama telwas edýän ýüreginiň bardygyny görkezdi.Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz üstüne alýan halkara borçnamalaryna doly eýermek bilen, halkara derejesinde uly hormata we ynama eýe bolup, öz amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini, baý tebigy serişdelerini sebitiň we dünýäniň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen ýokary depgin bilen ösýän gatnaşyklar hem-de olaryň ählisiniň Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplamagy ýurdumyza bildirilýän belent ynamyna we hormatyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ägirt uly taslamalar amala aşyrylyp, ençeme halkara derejeli çäreler geçirilýär. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyryp, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär we adamzadyň wajyp meseleleriniň netijeli çözgütlerine saldamly goşant goşýar. Arkadagymyz çylşyrymly dünýede, çylşyrymly döwürde meseleleriň içine içgin aralaşyp, inçelik bilen seredip, onuň özenini, içki kanunlaryny öwrenip, dogry çözgütleri tapyp, dünýäniň ünsüni çekip, ýüzüni biziň ýurdumyza tarap bakdyrmagy başaran şahsyýetdir.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog - parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirkizaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjy aýratyn bir filosofiýa bolmak bilen, oňa türkmen halkymyzyň iň gowy däpleri, iň gowy gadymy ýörelgeleri siňendir. Eýsem,dialog näme.Türkmenlerde bir aýtgy bar «Ynsan soraşa-soraşa» diýilýär. Dogrudanam, gürleşip, döreýän kynçylyklary medeniýetli, düşünişilip çözmek ynsana gelişjek ýeke-täk parahatçylykly ýoldur.Adamlaryň arasyndamy, ýa-da döwletleriň arasyndamy, döreýän çylşyrymly dartgynly ýagdaýdan çykmak üçin, düşünişmek üçin dialog gerek. Dialog - gürleşmek, pikir alyşmak, söhbet etmek, biri biriňi diňlemek, biri biriňi eşitmek, hormatlamak, meseläni hemmetaraplaýyn öwrenip, onuň ähli granlaryny, yitgilerini we bähbitlerini seljerip, paýhas eleginden geçirip, dogry, dana, ynsanperwer, özara bähbitli çözgüdi tapmak. Dürli çözgütler dürli netijelere getirýär. Hormatly Prezidentimiz iň gowy ýoly, iň asylly we ynsanperwer, dana türkmen halkyna mahsus ýoly - dialogy öňe sürýär.
Bu hem Hormatly Prezidentimiziň öz halkynyň bagtly durmuşy, röwşen gelejegi bilen bilelikde, dünýä halklarynyň hem parahat dünýäde ýaşamagy barada oýlanýandygynyň, aladalanýanlygynyň subutnamasydyr. Bu hem Hormatly Prezidentimiziň şahsyýetiniň nähili derejede beýikdigini, nähili derejede öňdengörüjidigini, nähili derejede beýik ynsandygyny aýdyňlyk bilen bütin dünýä açyp görkezýär. Dialog- ýokary medeniýetiň, parahatçylygyň ýoly. Dialog - parahatçylygyň kepili.
Diňe Mähriban Arkadagymyz ýaly , ençeme ädim öňe seredip bilýän, dana, paýhasly şahsyýet, adamlar bilen, döwletler bilen ýokary medeniýetli, ynamdar, mähirli, özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýup biler. Hut şonuň üçin hem Hormatly Prezidentimiziň syýasaty dünýä giňişliginde gyzgyn goldaw tapýar.Onuň hem sebäbi-ýürekden çykýan söz ýüreklere-de ýetýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik bitaraplygyny berkitmekde, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de pugtalandyrmakda, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini goramakda, döwletimiziň dünýädäki halkara abraýyny has-da belende götermekde goşan uly şahsy goşandyny, bitiren uly hyzmatlaryny nazara almak bilen Hormatly Prezidentimiz « Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy. Bu sylagyň hak eýesine gowuşandygy hemmämizi diýseň begendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň bize sowgat beren, biziň hem uly buýsanç bilen kabul eden, Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemala gelen «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly, täze kitaby bolsa ähli pudaklarda asylly zähmet çekýän adamlar üçin gymmatly gollanma boljagy ikuçsyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti bolup, bizi täze kitaplary bilen bizi ýe-ne de kän-kän begendirsin!
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog-parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirkizaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti bimöçber uludyr.Ol ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkarar etmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.
Dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň rowaçlanmagyny ileri tutýan hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.Munuň özi eziz Diýarymyzyň ösüşiň milli nusgasy bilen barha öňe gadam urýanlygynyň buýsançly beýanydyr.
Hormatly Arkadag Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryny özümize baş ýörelge edinip, özümize ynanylan wajyp wezipä abraý bilen hötde gelmekde, halkara guramalary bilen bilelikde parahatçylygy wagyz etmekde alnyp barylýan işlere goşant goşmakda ähli ukyp- başarnygymyzy, tejribämizi gaýgyrman yhlasly zähmet çekjekdigimize Mertebesi Belent Arkadag Prezidentimizi ynandyrmaga rugsat beriň.
Diýarymyzy ähli babatda gülledip ösdürip, täze belentliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini ak ýürekden arzuw edýäris.
Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjülik syýasaty – Nurana geljegiň kepilidir
Ýazmuhammet Öwezberdiýew
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy
Milli Liderimiziň çuňňur oýlanyşykly we täzeçil öňdengörüjülikli syýasaty netijesinde, Watanymyzyň gysga döwrüň içinde dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz omuny pugtalandyrdy hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşdy.
Bilşimiz ýaly Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary yzygiderli goldanylýar.
Häzirki wagta dünýäniň islendik ýurdunda ýaşaýan adamdan sorasaňyz ata Watanymyz Türkmenistany gojaman Ýer şaryndaky iň asuda mesgen, ýurtlary we halklary dostlaşdyrýan döwlet hökmünde göz öňüne getirýändigini dile getirer diýsek, öte geçdigimiz bolmasa gerek. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda bolsa, türkmen döwletiniň dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň parahatsöýüjilikli syýasaty, tutuş adamzat ähmiýetli başlangyçlary dur. Bir akyldaryň: «Gowy adamlar özlerini, güýçli adamlar maşgalalaryny, beýik şahsyýetler bolsa halklaryny bagtly edýärler» diýip belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden bäri, diňe bir türkmen milletiniň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýär. Bagtyýarlyk üçin bolsa, elbetde, ilkinji nobatda, parahatçylyk, asudalyk gerek. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, bize ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyzyň asylly däplerine esaslanýan daşary diplomatiýany ýöredýän Hormatly Prezidentimiz halkara giňişliginde ylalaşdyryjy Lider, parahatçylyksöýüji syýasatçy hökmünde giňden ykrar edildi.
Hut şunuň esasynda Arkadag Prezidentimiziň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy dabaralandyrmak babatda öňe sürýän parasatly başlangyçlary bu günki gün Zeminiň halklarynyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Biziň baky berkarar Diýarymyz, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimiz, milli Liderimiziň türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, mizemez döwletimiziň baky binýadyny nazarlaýan mukaddes taglymatlarynyň datly miweleridir. Parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň dünýä ýüzünde dabaralanmasydyr.
Bu barada Gahryman Arkadagymyz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Kabul ediş merkezinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda «Ýaşasyn Parahat durmuş» atly täze düzen goşgusynda: «Ýalňyşlary düzedeliň, Sylalyň birek-biregi! Ýamanlykdan ýüz öwreliň!
Ynamdyr dünýäň diregi! Halklar — bir jebis maşgala. Ýaşasyn parahat durmuş!» diýen setirlerinde hem magat göz ýetirmek bolýar.
Türkmenistan diňe bir öz sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen şeýle syýasaty durmuşa geçirýär hem-de diňe bir bähbitleriň gabat gelmegini gözlemän, öz hyzmatdaşlaryny ählumumy abadançylygyň bähbidine bilelikde netijeli işlemäge gönükdirilen pikirdeşlerine öwürýär.
Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň: «Bir halky ýagty geljege alyp barýan ýoly beýleki milletleriň ejir çekmegi arkaly gurup bolmaýar. Beýleki ýurtlaryň hukuklaryny kemsidip öz döwletiň gülläp ösmegini üpjün etjek bolmak uzak wagtlary nazarlaýan abadançylygy bermeýär. Garşylykly hereket beýlekileriň betbagtçylygynyň hasabyna gurlan binany irde-giçde bibat eder. Şoňa görä-de, biziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen ýörelgämiz iş otaglarynda dörän howaýy pelsepe däl-de, eýsem, türkmen halkynyň milli aň-düşünjesiniň düýpli esaslarynyň biridir» diýen ajaýyp jümlelerinde dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk babatdaky taglymatlary öz beýanyny tapdy.
Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň at-abraýy has belende göterilýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda hoşniýetli goňşuçylygy, parahatçylygy pugtalandyrmak, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly ugurlara has hem uly üns berilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip tanalmagyna halkara meýdanynda uly at-abraýa eýe bolmagyna getirýär. Munuň aýdyň subutnamasyna bolsa, Milli Liderimiziň daşary syýasatda alyp barýan oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginden, abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümindäki halkara guramalary bilen özara gatnaşyklarda öňe sürlen parahatçylyk ýörelgeleriniň dünýä jar edilmeginden görmek bolýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym, medeniýet işleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan artýar we ösýär.
Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Sekretariatynyň halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini goramak we dikeltmek babatda ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizilmegi meýilleşdirilýän we köptaraplaýyn hödürnamalar boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde hem-de oňa ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen bilelikdäki Meýilnama tassyklanyldy we häzirki bu işler netijeli alnyp barylýar.
Şeýle işleriň çäklerinde ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň we halypa suratkeşleriň «Türkmenistan - ÝUNESKO: Parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly sergi işleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir!» diýen ajaýyp sözlerinden hem-de görkezýän şahsy göreldesinden ruhlanyp, Ýaşlar guramamyzyň agzybir işgärleri bolup, Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, alyp barýan parahatsöýüjilikli içeri we daşary syýasatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmekde, şeýle-de ýurdumyzyň ýaşlaryny durmuşda, zähmetde, döredijilikde täze-täze belent üstünliklere ruhlandyrmakda, ýiti zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda öz zähmetimizi mundan beýläkde gaýgyrmajakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys!
Bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Howandar Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan beýik tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Alyp baryjy:
Hormatly okyjylar!
Mähriban Arkadagymyz “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynda: “Biz bütin adamzadyň abadançylygynyň bähbidine, BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Müňýyllygyň maksatlaryny durmuşa geçirmegi dowam ederis. Şu meselede adamlaryň parahat we erkin durmuşyny üpjün etmek hemişe ilkinji orunda durar” diýip belleýar. Bu ganatly jümleleri biziň ählimiz “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şu ýylyň 11-nji fewralynda Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň mejlisiniň barşynda hem diňledik. Bu ýolda ählimiz bilelikde, agzybirlikde, jebislikde zähmet çekip, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog-parahatçylygyň kepili» atly senasyny dünýä ýaýmalydyrys. Ýeri gelende häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny dünýä dillerinde wagyz etmeklik talyp ýaşlaryň hem-de mugallymlaryň hem paýyna düşýär. Onlaýn maslahata gatnaşýan döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde bu işiň has-da uly gerime eýe bolmagy üçin ýene-de maslahatlary, tele-radio gepleşikleri, metbugat sahypalarynda baý mazmunly çykyşlary gurnarys. Bize bu işde Gahryman Arkadagymyz görelde mekdebidir, parasada ýugrulan kitaplary bolsa işimiziň baý we manyly mazmunynyň bolmagynda altyn çeşmedir.
Halkyny gün kimin çoýýan, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dikeltmekde we dünýä çykarmakda bimöçber işleri alyp barýan, ýaş nesliň bilimli we ylymly bolmagynda, olaryň medeniýetimizi, taryhymyzy, sungatymyzy öwrenmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!