Daşary syýasy ugruň parahatçylyk filosofiýasy
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky ählumumy başlangyjynyň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hem-de birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşmagynda “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly onlaýn arkaly maslahat geçirildi.
Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy bölüminiň müdiri Kakabaý Amanmyradow hormatly Prezidentimiziň bu halkara başlangyjynyň parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanan asuda dünýäni döretmekdäki ähmiýeti, halkara arenasynda Türkmenistanyň alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişi dogrusynda çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyjy döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeläp,umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek babatda işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýär.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym ýaly ugurlardaky garaýyşlar bilen birlikde ýurdumyzy geljekde gülledip ösdürmek boýunça gymmatly teklipleri öňe sürýän “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitabynyň neşir edilmeginiň möhüm ähmiýetli waka bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzy “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanmagyny gutladylar we Milli Liderimize dünýäde asudalygy gazanmak ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýbölek KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.