«Arkadag sahawaty – bagtyýar çagalaryň galkynan ykbaly»

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň 18-nji maýda Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp, bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişi bilen tanyşmagy mynasybetli «Arkadag sahawaty – bagtyýar çagalaryň galkynan ykbaly» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Hakykatdan hem, täze taryhy zamanamyz – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde nurana geljegimiz bolan çagalaryň beden, aň-bilim, ruhy ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşilýär.

Hut şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň dowamyna eýerip şeýle hem Watanymyzyň röwşen eýeleriniň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, döwrebap bilim almagyny, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi hem-de ata-babalarymyzyň pähim-parasatly, berk bedenli, arassa ahlakly, kesp-hünärli nesilleri kemala getirmekde döreden kämil ýörelgelerini, maşgala gymmatlyklaryny, haýyr-sahawatlylygy döwlet syýasatynyň derejesine çykarmakda we ony durmuşa geçirmekde alyp barýan beýik işleriniň esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bejergi alýan çagalar üçin pul serişdesiniň goýberiljekdigi baradaky hoş habar gyzgyn mähir bilen gurşalyp alnan çagalaryň bagtyýarlygyny has-da goşalandyrdy. Çagalaryň bagtyýarlygy diýlen düşünjäniň hut çagalaryň özleri bilen aýrylmaz baglydygyny unutmaly däl. Bular barada hoşallyk maslahatynda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyzda eziz diýarymyzy mundan hem beýläk bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,
abraý-mertebeleriniň mundan beýläk-de belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.