«Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz ýaşlaryň bagty»

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni, şeýle hem umumybilim berýän orta mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň «Soňky jaň» dabaralary mynasybetli «Ýurdumyz berkarar, ýolumyz ýagty, merjen şäherimiz ýaşlaryň bagty» atly aýdym-sazly, maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa öňdebaryjy ýaşlaryň birnäçesi uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýüregi, Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimiziň gün saýyn özgerýän ajaýyp keşbi, gurulýan binalaryň gözelligi, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň bagtyýarlygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Täze taryhy zamanamyzda ulydan bellenilýän toýlar her bir ynsanyň kalbyna joşgun paýlaýar. Goşalanyp gelýän baýramlarda ruhubelentlik bar, gözellik bar. Kalby hyjuwdan doly bagtyýar ýaşlaryň orta mekdeplerini tamamlap, durmuşyň täze menzilleriniň ilkinji ädimlerini alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güniniň bir senede bellenilmeginiň örän uly manysy bar diýip dabarada çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzy bagtly menzillerden diňe öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.