Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatdaky meselelerde tagallalary» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, öňdebaryjy ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Täze taryhy zamanamyz bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş gurşawyny abadanlaşdyrmak, ekologiýa arassalygyny gorap saklamak bilen bagly hem birnäçe uly işleri durmuşa geçirýär. Bu günki günde bagtyýar halkymyz, hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny baýlaşdyrmak we adamlaryň oňa bolan garaýyşyny kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrýan nusgalyk işlerinden görelde alýarlar diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ekologiýany gorap saklamak, adamzadyň arassa tebigy gurşawda ýaşamagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.