Howlugyň bäsleşik !!!

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni hem-de sport žurnalistleriniň halkara güni mynasybetli geçiriljek
«Sport – bagtyýarlygyň gözbaşy» atly döredijilik bäsleşiginiň

 

DÜZGÜNNAMASY

         

Bäsleşigiň maksady:

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşlere eýe bolup, belent sepgitlere ýetýär. Gazanylýan ösüşleri bu gün dünýä jemgyýetçiligi biragyzdan ykrar edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda  ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitlere ser salyp, sport ulgamynda gazanylan ajaýyp üstünlikleri, türkmen sportuny ösdürmekde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miwelerini, hususan-da, ata-babalarymyzdan gaýdýan türkmen milli oýunlaryny halk köpçüligine we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda hereketli we intellektual milli oýunlary, sportuň dürli görnüşlerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

   Bäsleşigiň guramaçylyk toparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we  «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň wekilleri girizilýär.

 

Bäsleşigiň düzgünleri:

Žurnalistleriň hem-de fotograflaryň arasyndaky döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, sungat işgärleri, mugallymlar, talyplar we okuwçylar gatnaşyp bilerler.  

Bäsleşigiň jemi boýunça «Sport – bagtyýarlygyň gözbaşy» atly döredijilik bäsleşiginiň şygary astynda türkmen sportuny şöhratlandyran türkmen türgenleri; ýurdumyzyň sport ulgamynyň depginli ösüşi; halkymyzyň döreden milli we hereketli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, şeýle-de ýurdumyzda belli sungat ussatlarynyň sport durmuşy barada:

  • žurnalistikanyň makala, oçerk, söhbetdeşlik, zarisowka we beýleki žanrlarynda  material taýýarlamak;
  • çeper edebiýatyň hekaýa, nowella, goşgy we beýleki žanrlarynda beýan etmek;
  • şeýle-de fotograflaryň nazarynda saklanan milli sport ýaryşlaryndan, baýramçylyk çärelerinden, toý-dabaralarda ýerine ýetirilen milli oýunlaryň oýnalýan pursatlaryndan surata düşüren awtorlar guramaçylar tarapyndan tapawutlandyrylar.

Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň jogapkär işgärlerinden düzülýär.

Eminler topary  tarapyndan yglan edilen ýeňijileriň arasyndan baş baýraklaryň (3 sany baş baýrak), baýrakly orunlaryň (3 sany 1-nji orun, 3 sany 2-nji orun, 3 sany 3-nji orun) we her ugur boýunça 3 sany höweslendiriji baýraklaryň (jemi 9 sany höweslendiriji baýrak) eýeleri kesgitleniler.

Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmatbahaly hojalyk tehnikalary we Hormat hatlary, şeýle-de işjeň gatnaşanlaryň ählisine Minnetdarlyk hatlary gowşurylar.

 

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda ýa-da resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.

Aw­tor­lar ­dö­re­di­ji­lik ­bäs­le­şi­gi­ne ­ug­rad­ýan ­iş­le­ri­ne ­öz­le­ri ­bara­da­ky­ mag­lu­mat­la­ry­ (iş­le­ýän­ ýa­-da­ ýa­şa­ýan­ ýe­ri­niň­ sal­gy­sy,­ te­le­fon ­bel­gi­si)­ hem­ goş­ma­ly­dyr­lar.

Ugradylan eserleriň belli bir bölegi – materiallar, fotosuratlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň www.msy.gov.tm, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi saýtlarynda ýerleşdiriler we saýlanan materiallar «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we onuň hepdelik elektron goşundysynda çap ediler. Materiallary çap etmek redaksiýanyň ygtyýaryna berilýär.

 

Elektron salgymyz: turkmenistansport@sanly.tm

Telefon belgimiz: 22-81-38

 

 Elektron salgymyz: turkmen-youth@online.tm

Telefon belgimiz: 44-88-81