«Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady»

8-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda ylym bilen meşgul bolýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak olaryň esasy dersleri öwrenmeginiň hilini we ylmy barlag işlere gatnaşmaklaryny ýokarlandyrmak, ylmy-barlag we önümçilik işine çekmek ýaş alymlaryň ylmy-barlag merkezlerinde alan bilimlerini we endiklerini amaly taýdan ulanmaklygyna ýardam bermek we şular ýaly birnäçe mümkinçilikleri amala aşyrmaklygyny gazanmak maksady bilen, «Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi.

Senagatda, ulag ulgamynda, oba-hojalygynda, ylymda we durmuşda ulanylýan tehnikanyň we tehnologiýanyň derejesini şöhlelendirýän tehniki enjamlar, modeller-nusgalar, mehanizmleriň hakyky görnüşi, abzallar we enjamlar, tehniki işläp düzmeler-taslamalar, ösüşiň täze derejelerine geçmek ýoluny salgy berýän modelleriň, maketleriň we beýleki tehniki enjamlaryň kömegi bilen görkezilýän geljekde ulanyljak tehnikanyň görnüşi, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny, kompýuterleri we okatmagyň telekommunikasiýa serişdelerini ulanyp okuwy amaly taýdan guramagyň dürli görnüşlerini beýan edýän eksponatlar sergi bäsleşigine gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.