Türkmenistanda «Garagumuň tebigaty» atly ilkinji maglumat merkezi açyldy

Şu ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzyň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň Çalyş ylmy-tejribe merkezinde «Garagumuň tebigaty» atly maglumat merkeziniň resmi açylyşy boldy.

Bu merkez Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Mihael Zukkowyň tebigaty goramak baradaky gaznasynyň (MSF, Germaniýa) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredildi. Maglumat  merkezi türkmeniň ak öýi görnüşinde (40 inedördül metr) bolup, Gün arkaly işleýän özbaşdak elektrik bekedi (10 kWt), kompýuter we meýdan enjamlary, zerur gollanmalar bilen üpjün edildi.

Merkeziň resmi açylyşy her ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzda giňden  bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda geçirildi. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak baradaky gullugynyň, «Merkezi Aziýanyň çöller boýunça başlangyjy» diýen taslamanyň (CADI) «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Ýabany tebigaty goramagyň Bütindünýä gaznasynyň (WWF), Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri hem-de ýerli mekdepleriň okuwçylary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

«Merkezi Aziýanyň çöller boýunça başlangyjy» atly taslama (CADI) Türkmenistanda birnäçe ýyllaryň dowamynda amala aşyrylýar. Şu döwürde çöl goraghanalarynyň üçüsinde (Bereketli Garagum, Repetek we Gaplaňgyr) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek maksady bilen, «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly tapgyrlaýyn transmilli hödürnama taýýarlanylanda maglumatlary täzelemek we ygtybarly ylmy maglumatlary ulanmak üçin bioköpdürlüligi hasaba almak boýunça toplumlaýyn ekspedisiýalar geçirildi.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly tapgyrlaýyn transmilli resminamany taýýarlamak işleri tamamlanyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetine iberildi. Şeýle hem taslamanyň çäklerinde Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ekologiýa/oba hojalyk ministrlikleriniň arasynda «Aram guşaklykdaky Turan çölleri»  atly tapgyrlaýyn transmilli hödürlemäniň ugurlaryny goramak we dolandyrmak baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Goraghanalary dolandyrmagyň bäşýyllyk meýilnamalary işlenilip düzüldi; usulyýet gollanmalary, bioköpdürliligiň düzüm böleklerine gözegçilik etmek babatda goraghanalaryň işgärleriniň işini ýeňilleşdirmek üçin çölleriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň ýerleşen ýerlerini anyklamak boýunça meýdan kesgitleýjiler taýýarlanyldy we çap edildi. Zerur awtoulaglar, kompýuter enjamlary, meýdanda ulanmaga niýetlenilen abzallar we egin-eşikler alyndy, doly maglumatlar we beýlekiler taýýarlanyldy.

«Garagumuň tebigaty» atly maglumat merkeziniň işi tebigaty goramaga bagyşlanan duşuşyklary, seminarlary, öwrediş häsiýetli okuw maslahatlaryny geçirmäge, ösüp gelýän ýaş nesilleriň «Aram guşaklykdaky Turan çölleri»  barada bilimlerini artdyrmak boýunça zerur bolan maglumatlary ýaýratmaga gönükdirilendir. 

 

 

Şirin KARRYÝEWA,

«Merkezi Aziýanyň çöller boýunça başlangyjy»

atly taslamanyň başlygy.

Meňzeş habarlar