Türkmenistan UNESKO-nyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeldýär

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 13-nji maýda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOY) agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň sekizinji mejlisine gatnaşdy.

Türkmen wekiliýetiniň bu mejlise gatnaşmagy, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygy ýene-de ösdürmäge, dünýäde türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasyny hem-de özboluşly gymmatlyklaryny dünýäde giňden wagyz etmäge möhüm ähmiýet berýändigini tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Türkmenistan BMG-nyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlykda işjeň orny eýeleýär, üstünlikli durmuşa geçirilýän we dowam etdirilýän bilelikdäki taslamalar, şeýle hem Milletler Bileleşiginiň goldawyny alýan ýurdumyzyň döredijilikli halkara başlangyçlary munuň subutnamasydyr».

TURKSOÝ halkara guramasynyň agza döwletleriniň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 8-nji mejlisi “Bursa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty - 2022” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde TURKSOÝ-yň hem-de Bursa häkimliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýäniň milli toparynyň bilelikde gurnamagynda geçirildi.

Mejlise, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň  we Mongoliýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň  ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem IRCICA, Türki halklaryň medeniýet we miras gaznasy, TURK-PA hem-de  Halkara Türk akademiýasy we Türki halklaryň medeniýet we miras gaznasy ýaly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

         Mejlisde TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raew duşuşyga gatnaşyjylary gutlap, türki halklaryň maddy we maddy däl medeni baýlyklaryny ýaýbaňlandyrmakda we goramakda guramanyň amaly ähmiýetine uly ynam bildirdi.

         ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýörelgelerine we gymmatlyklaryna ygrarlydygyny aýdyp, Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň esasy ugurlary dogrusynda belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini, tebigy gözel ýerlerini, şeýle hem senetçilik däplerini, ahalteke atlaryny we türkmen alabaýlaryny idetmegiň milli usullaryny, türkmen halkynyň beýleki maddy we medeni gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin taýýarlanýan hödürnamalar  barada gürrüň berdi.

         Bellenilişi ýaly, möhüm wakalaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleri başlandy. Bu çäreleriň çäginde beýik türkmen şahyrynyň ýubileýini 2024-2025-nji ýylyň möhüm wakalarynyň senenamasyna girizmek boýunça ÝUNESKO bilen bilelikde işjeň iş alyp barmak meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň we siwilizasiýanyň emele gelmegine goşan goşandyny açmaga gönükdirilendir.

        

Türkmen wekiliýeti “Maddy däl medeni miras”, “Medeni we tebigy miras”, “Dünýä hatyrasy” we “Bilim” temalary boýunça mejlislerde  Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly iri gadymy türkmen şäherleriniň arasynda ýerleşen ýadygärlikleri, şeýle hem türkmen keşdeçilik sungatyny, Hoja Nasreddiniň degişmelerini we ş.m. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berdiler.

Mejlise gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, häzirki ýagdaýlar we geljekki bilelikdäki işler, 2023-nji ýylda belleniljek TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

         Mejlisde TÜRKSOY agza ýurtlar ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wagtlaýyn başlyklygynyň ygtyýarlyklaryny Gyrgyzystan Respublikasyna geçirmek bellenildi. TÜRKSOÝ-a  agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 9-njy mejlisiniň 2023-nji ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçiriljekdigi barada beýan edildi.

Meňzeş habarlar