TÄSIRLI GEÇEN SAPAR

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyna laýyklykda ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk dabarasyna bagyşlanyp iş sapary amala aşyryldy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu iş saparynyň çäklerinde dabarany guraýjylar tarapyndan birnäçe aýdym-sazly medeni çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, taryhy ýadygärliklere gezelençler guraldy.

Wekilçilikli topar ilki bilen Magtymguly etrabyndaky Tikin we aýakgap fabrikler toplumyna bardylar we bu ýerde öndürilýän önümler bilen tanyşdylar.

Soňra topar günbatar Köpetdagda, Magtymguly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Peleňli zaw” gaýa ýazgysyna, etrabyň Könekesir obasynda aramgähi ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldary Ferideddin Attaryň aramgähine bardylar we taryhy şahsyýetlerimiziň bitiren hyzmatlary, gymmatly ýadygärlikler bilen ýerinde tanyşdylar.

Şeýle hem wekilçilikli topar Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň nazarynyň düşen obasy bolan Gerkez obasyna bardylar. Ol ýerde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň hormatyna amaly-haşam sungatynyň sergileri geçirildi. Sergide Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny wasp edýän döredijilik çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de Gerkez obasynda ýaşaýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenýän ýaşulularyň we Magtymguly Pyragynyň nebereleriniň gürrüňleri diňlenildi.

Soňra topar Magtymguly Pyragynyň muzeýine baryp, ol ýerde muzeý gymmatlyklaryna tomaşa etdiler. Muzeýde «Şygryýet äleminiň öçmejek nury» atly şygar bilen maslahat geçirildi. Onda täsirli çykyşlaryň köpsanlysy diňlenildi.

Maslahatdan soňra IX asyrda ýaşap geçen Abubekr Şibliniň aramgähine syýahat edilip, ol ýerde meşhur sopynyň taryhy hakynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Turuwbaşdan guramaçylykly geçirilen bu iş saparynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar gymmatly taryhy maglumatlar bilen tanyşdylar. Munuň özi her bir türkmenistanly üçin watansöýüjiligi terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr.

Meňzeş habarlar