«AŞGABAT – DIZAÝN ŞÄHERIM» ATLY MASLAHAT WE DÖREDIJILIK SERGISI

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Men gözelligi döredýärin» atly şygar bilen «Aşgabat – dizaýn şäherim» atly maslahat we döredijilik sergisi geçirildi. Dabara gatnaşyjylar ilki bilen merkeziň eýwanynda taýýarlanan sergä tomaşa etdiler. Geçmiş taryhymyzdan dowam edip gelýän, baý many-mazmuna eýe bolan, sungatyň dürli ugurlaryna degişli bolan döredijilik eserleri çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Watanymyz, onuň ak mermerli paýtagty şol gymmatlyklaryň, mukaddeslikleriň hatarynda durýar. Eziz Watanymyza we onuň paýtagtyna söýgümizi, buýsanjymyzy dabaralandyrýan täze taryhy eýýamda Aşgabady binagärlik gurluşy, düzümi abadanlaşdyrylyşy taýdan nusgalyk şähere öwüren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlar her bir ynsanyň kalbynda gaýnap joşýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündäki orny gitdigiçe giňeýär we berkeýär. Ylaýta-da, soňky ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary, döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen Aşgabadyň şähergurluşyk pudagy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Ak mermer bilen örtülen ýüzlerçe kaşaň-kaşaň ymaratlar tapgyr-tapgyr bina edildi we paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly zamanynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwrebap başlangyçlary esasynda gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär. Eziz diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy hem-de ýol görkezijisi bolan ýaşlaryň Hak howandary Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize buýsanç duýgulary bu gün bagtyýar nesilleriň buýsanjyna, diliniň senasyna, köňlüniň owazyna öwrülýär diýip maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.

Çünki gün-günden gözel keşbe girýän Aşgabat biziň Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň ajaýyp häzirki döwrüni we röwşen geljegini alamatlandyrýar. Ak şäherimiz belent binalaryň gözelliginiň hem-de tebigy gözellikleriň sazlaşygydyr. Ata Watanymyzyň gözel paýtagty, dost-doganlygyň, parahatçylygyň mekany – Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň geljegi dowamat dowam bolsun!

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz iş alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, Aşgabat şäherimiziň halkara derejesini beýgeltmäge gönükdirilen giň göwrümli belent maksatly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar