«Ýaşlar – maksatly menzilleriň röwşen şuglasy»

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Ýaşlar – maksatly menzilleriň röwşen şuglasy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary, bagtyýar ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlap geçiren maslahaty dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi.

 Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän belent sepgitler bütin halkymyz bilen bir hatarda ýaşlaryň hem buýsanjyny artdyrýar. Täze taryhy zamanada ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar hünärleri birkemsiz eýe alýarlar, dürli ylymlary özleşdirýärler, iň esasy zat bolsa Watanymyzy hem-de mähriban halkymyzy çäksiz söýmek we watançylyk ruhunda terbiýelenýärler. Watançy ýaşlaryň gadamlary hemişe batlydyr, ruhlary belentdir, başlary buýsançlydyr, okuwlary we işleri rowaçdyr diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.

Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzda bagtyýar ýaşlaryň nurana geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşly sözler buýsançly ýaňlandy.